Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň Polimeksi çetleşdirip, “Çalyk Holdingi”, “Bouyguesi” getirjekdigi aýdylýar


(çepden saga) Türkiýeli telekeçi Ahmet Çalyk, prezident Saparmyrat Nyýazow, şol wagtky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
(çepden saga) Türkiýeli telekeçi Ahmet Çalyk, prezident Saparmyrat Nyýazow, şol wagtky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap, ýagny ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe uly we gymmatbaha desgalaryň gurluşygyny amala aşyran, ençeme million dollarlyk tenderleriň ýeňijisi bolan türk telekeçisiniň türkmen bazarynda täzeden işjeň hereket edip başlajagyna çalym edýär.

Çarşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkana edýän saparynyň çäginde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Çalyk özlerine ynanylan desgalardaky, şol sanda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygyndaky, şeýle hem Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawod we Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çägindäki utgaşykly nebitgaz elektrik stansiýasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat beripdir.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, Nyýazow döwründe ýurduň dokma senagaty ministriniň orunbasary, şeýle-de türkmen prezidentiniň ykdysady meseleler we ýurduň energiýa serişdelerini dünýä bazarynda ýerlemek boýunça maslahatçysy bolan Çalyk ýurtda köp sanly gymmatbaha, şol sanda gurluşyk proýektlerini alyp barypdy.

Emma häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmegi bilen düzüminde: GAP Güneydoğu Tekstil, Çalık Enerji, GAP İnşaat, Çalıkbank we GAP Pazarlama kärhanalary bolan Çalyk Holdinginiň ýurtdaky alyp barýan işleriniň çäklendiriljekdigi aýdylypdy.

Şol bir wagtda, häzir Berdimuhamedowyň nazarynyň gaýtadan “Çalyk Holdinge” gönükdirilmegini, ýurtdaky iň esasy gurluşyk kärhanalarynyň biri – Polimeksiň gözden düşmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmeleriniň aýtmagyna görä, häzir türk Polimeks kärhanasy ýurtda guran gurluşyk obýektleri we Aşgabatda sentýabrda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna harçlan pullary üçin, türkmen hökümetinden algysyny alyp bilmeýär.

“Polimeksiň türkmen hökümetinden azyndan 800 million dollar algysy bar. Aşgabatda gurlan aeroportyň tölegleri doly üzlüşilmedi. Şeýle-de, ‘Aşgabat-2017’ oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna öz jübüsinden pul çykardy. Haçan-da, Berdimuhamedowdan bu pullar soralanda, onuň muňa gahary geldi” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Polimeks kärhanasynyň Türkiýedäki baş edarasy bilen habarlaşanda, olar Türkmenistanda töleg bilen baglanyşykly nähilidir bir kynçylyk çekýändigi baradaky maglumatlary ret edip, täze proýektlere garaşýandyklaryny habar berdiler.

Şeýle-de, kärhananyň wekili Polimeksiň Türkmenistandaky edarasynyň ýapyljakdygy baradaky maglumatlary hem inkär etdi. Emma kärhananyň Türkmenistandaky edarasynda dolandyryjy wezipelerde işleýän türkmen hünärmenleri şu ýylyň mart aýyndan wezipelerinden boşadylýandyklaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Aýdylmagyna görä, indi Polimeks ýurduň bazaryndan çetleşdirilip, oňa derek ähli iri gurluşyk proýektleri, eýýam ýokarda agzalan, “Çalyk Holding”, şeýle-de “Bouygues” we “Reneýssans” kärhanalaryna ynanylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosy paýtagtda guruljak bir myhmanhananyň şertnamasynyň hiç hili tendersiz Fransiýanyň “Bouygues” kärhanasyna berlendigini, onuň döwlet gaznasyna 300 million ýewro düşjekdigini habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi häzir “Bouygues” kärhanasy ozal türkmen gurluşyklarynda işläp gaýdan işgärlerini yzyna – Türkmenistana çagyryp başlandygyny, golaýda kärhananyň prezidenti Martin Bouyguesiň hem Aşgabada saparyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Galyberse-de, Berdimuhamedow geçen hepde – ilatyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýan wagtynda –Aşgabatda täze guruljak gymmatbaha desgalaryň, myhmanhanalaryň, edara we ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Guruljak desgalaryň başyny kaşaň myhmanhana, Halkara maslahatlar merkezi, Halkara kabul ediş merkezi, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň edara binalary çekýär. Şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we täze Hökümet münberi gurlar. Emma ol binalaryň nähili zerurlyk esasynda gurulýandygy anyklaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG