Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň Siriýada ABŞ-nyň howa hüjümlerinde orsýet harbylarynyň wepat bolmandygyny aýtdy


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow
Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili geçen hepdede Siriýada ABŞ-nyň howa hüjümlerinde orsýetliler wepat bolan bolsa, olaryň adaty esgerler däldigini aýtdy. Dmitriý Peskow 7-nji fewralda ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň howa güýçleriniň Siriýada amala aşyran hüjümlerinde Orsýetiň hakyna tutulan harbylarynyň ençemesiniň, belki-de onlarçasynyň wepat bolandygy baradaky habarlary Wladimir Putiniňhökümetinden daşlaşdyrmaga synanyşdy.

“Bizde Kremlde netije çykarmak üçin jikme-jik maglumat ýok” diýip, Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow 14-nji fewralda aýtdy. Şol bir wagtda-da Siriýada prezident Başar al-Assadyň tarapynda söweşýän orsýetli hakyna tutulan harbylaryň Deir el-Zor regionynda söweşýändigi barada subutnamalaryň sany gitdigiçe köpelýär.

“Ol ýerde Orsýet Federasiýasynyň söweşýän raýatlarynyň bolmagyny aradan aýyryp bolmaz. Olaryň Orsýetiň ýaragly güýçleri bilen gatnaşygy ýok” diýip, Peskow žurnalistler bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Peskowyň bu çykyşy Orsýetiň Goranmak ministrliginiň agzalan wagt aralygynda Siriýada orsýet harbylarynyň bolmandygyny aýdyp eden beýanatyny gaýtalady.

Pentagon geçen hepdede Deir al-Zorda ýaran oppozision güýçlerine hüjüm eden Siriýanyň hökümet güýçlerine howadan hüjüm edip, 100 çemesi hüjümçini öldürendigini habar berdi. ABŞ-nyň resmileri wepat bolanlaryň arasynda orsýet esgerleriniň bolup-bolmazlygyny anyk bilmeýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG