Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Rahmonyň sözüni diňlemändigi üçin işden boşadylan mugallyma yzyna çagyryldy


Täjik prezidenti Emomali Rahmon amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen. Arhiw suraty.
Täjik prezidenti Emomali Rahmon amerikan kärdeşi Donald Tramp bilen. Arhiw suraty.

Duşenbede milli telewideniýede prezident Emomali Rahmonyň halka ýüzlenmesini diňlemändigi we görmändigi üçin işden aýrylan tans mugallymy onuň gören görgüleri hakynda berlen gepleşiklerden soň gaýtadan öz işine dikeldildi.

Täjigistanyň kärdeşler arkalaşyklary federasiýasy Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna birnäçe gün ozal işden boşadylan mugallymanyň horeografiýa mekdebine gaýtadan işe alnandygyny habar berdi.

Rustamowanyň 14-nji fewralda Azatlyk radiosyna gürrüň bermegine görä, ol işden mekdep mugallymlary we studentler auditoriýa toplanyp, Rahmonyň ýyllyk halka ýüzlenmesini diňleýän wagty ol ýerde bolmandygy üçin boşadylypdyr.

Tans mugallymynyň bu sözleri onuň işden boşadylmagy baradaky resmi dokumentlerde hem tassyk bolýar.

Rustamowa ol ýerde hemmeler üçin ýeterlik orun bolmandygyny we şu sebäpden auditoriýadan çykyp gidendigini aýdýar.

Mekdep direktory Kenja Ibrohimow Rustamowanyň professional taýdan gowşaklygy sebäpli işden boşadylandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG