Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň ýangyç guýulýan stansiýalarynda A-95 markaly benzin tapdyrmaýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherindäki we etraplaryndaky ýangyç guýulýan stansiýalarda A-95 markaly benziniň tapdyrmaýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu sebitdäki çeşmeleri habar berýärler.

“A-95 markaly benzin ýok. Welaýat merkezindäki ýangyç guýulýan stansiýalara seýrek gelýär, emma olam bir sagada ýetmän gutarýar. Adamlar A-95 benzine mätäçlik çekýärler. Sebäbi köp adamyň ‘Toýota’ kysymly ýa-da daşary ýurtlarda öndürilen beýleki awtomobilleri bar” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, ol A-92 we 80 markaly benzinleriň satylýandygyny, ýöne bularyň ähli ulaglar üçin niýetlenen däldigini aýdyp, “bu markaly ýangyçlar käbir ulaglaryň hereketlendirijisiniň tiz hatardan çykmagyna hem getirip bilýär” diýdi.

Mundanam başga, çeşmämiz ýurduň demirgazyk welaýatyndaky ýangyç guýulýan stansiýalarda A-95 markaly benziniň ýetmezçiliginiň indi bir hepde çemesi wagt bäri dowam edýändigini, ýöne gytçylygyň sebäpleri barada häzirlikçe resmi düşündirişiň berilmeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“A-95 markaly benziniň köplenç satylmazlygynyň sebäplerini Boldumsaz etrabyndaky bir ýangyç guýulýan stansiýanyň işgärinden soradym. Ol maňa Balkanabatdaky zawodlardan bu marka benziniň goýberilmän durandygyny aýdyp, ‘bir hepde bäri gelse, biz saklap näme edeli?’ diýdi-de, başga maglumat bermedi” diýip, çeşmämiz belledi.

Galyberse-de, Daşoguzdaky çeşmämiz A-95 markaly benziniň ýetmezçiligi sebäpli sebitdäki ýangyç edaralarynyň we ýük daşaýan döwlet kärhanalarynyň käbiriniň hem şu aýyň başyndan bäri öz işini duruzandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherindäki we etraplaryndaky ýangyç guýulýan stansiýalarda A-95 markaly benziniň ýetmezçiligi we onuň sebäpleri barada “Türkmen nebit önümleri” edarasy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma bu maglumat Türkmenistanda benziniň bahasynyň 50% gymmatlamagyndan birnäçe hepde soňa gabat geldi. 1-nji fewraldan başlap, ýurtda ozal 1 manatndan satylan A-95 markaly ýangyjyň 1 litri 1,5 manat, öň 94 teňňeden satylan A-92 markaly benzin 1,35 manat bahalanmaly edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende awtoulagly adamlara belli bir möçberde mugt benzin eçilipdi. Ýöne benzin mugtçulygy 2008-nji ýylda, şol wagta çenli bir bulgur gazly suwdan hem arzan bolan benziniň 8 essä golaý gymmatlamagy bilen utgaşdyryldy.

2014-nji ýylyň aprelinde bolsa, mugt benzin ýatyryldy we 2015-nji ýylyň başyndan benziniň bahasy 60 prosent çemesi gymmatlady. Şonda, A-95 markaly ýangyjyň bahasy 1 manat, A-92 markaly ýangyjyň bahasy bolsa 94 teňňe diýlip kesgitlenipdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG