Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda proksi serwerleri ulanyjylaryň interneti ýene-de kesildi


Internet kafe, Aşgabat (Arhiw suraty)

Türkmenistanda internet ulanyjylaryň VPN proksi serwerler arkaly internete girmek mümkinçiliginiň kesilendigini 21-nji fewralda Azatlygyň birnäçe çeşmesi habar berdi. Olaryň maglumatyna görä, häzirki wagtda döwletiň gözegçiligindäki “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk ulgamy, hem-de AŞTU, ýagny Aşgabadyň şäher telekommunikasiya ulgamy VPN proksi serwerinden peýdalanýan müşderilerini internetden kesýär.

“Hem mobil, hem-de AŞTU ulgamynyň VPN ulanýanlara duýduryş bermezden internetlerini böwetleýärler. Açdyrmak üçin müşderi hyzmat bölümine ýüz tutulan wagtynda, bolsa, üç-dört soragdan soň VPN ulanylandygyny aýdyp, olara ulanmaly däldigini düşündirýärler we ulanylmadyk halatynda gaýtadan internet ulgamyny açjakdygyny aýdýarlar” diýip, adynyň efirden tutulmagyny islemedik aşgabatly internet ulanyjy gürrüň berdi.

Mundan öň ýanwar aýynyň aýagynda we fewralyň başynda Aşgabatda we Lebapda VPN proksi serwerinden ulanyjylarynyň internet aragatnaşygynyň kesilendigi we olara proksi serwerleri ulanmazlyk barada düşündirişiň berlendigi habar berlipdi.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri soňky wagtda Türkmenistanda proksi serwerleriň il içinde meşhurlygynyň gitdigiçe artýandygyny aýdýar. Proksi serwerler ýurtda petiklenen websaýtlara girmäge, şeýle-de internetde suratlary hem wideolary görmäge goşmaça mümkinçilik berýär.

“Ýurtda VPN-siz girip boljak websahypa az bolsa gerek” diýip Azatlygyň çeşmesi belledi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynyň suraty, 21-nji fewral, 2018
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynyň suraty, 21-nji fewral, 2018

21-nji fewralda petikli bolan websaýtlaryň arasynda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi websaýty hem bar. Saýtyň açylmazlygy bilen bagly ýagdaý barada ilçihananyň özünden häzirlikçe resmi düşündiriş alyp bolmady.

Türkmenistan dünýä ýüzünde iň haýal we gymmat internet bilen birlikde, interneti juda çäklendirýän ýurtlaryň arasynda hem agzalýar. Ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän neşirleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary petikli bolmagyna galýar.

Türkmen resmileri Türkmenistanda informasion internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edýär.

Halkara guramalary Türkmenistany “internetiň ganym duşmany” diýip, häsiýetlendirýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG