Çeh prezidenti Miloş Zeman Pragada tussag edilen we Birleşen Ştatlar tarapyndan gözlenilýän rus hakeriniň Orsýete ekstradisiýa edilmegi ugrunda tagalla edýär diýip, adalat ministri Robert Pelikanyň 24-nji fewralda aýdandygy habar berildi.
73 ýaşyndaky Zeman ozalky kommunist we berk Orsýet, Hytaý tarapdarlygy, musulmanlara garşy pikirleri bilen tanalýar we geçen aý täze bäş ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlandy.
29 ýaşan Ýewgeniý Nikulin ABŞ tarapyndan sosial ulgamlara edendigi aýdylýan kiber hüjümleri sebäpli gözlense, öz dogduk watany Orsýet tarapyndan kezzaplyk aýyplamalary esasynda gözlenýär.
Ol 2016-njy ýylyň oktýabrynda Pragada, FDB bilen bilelikde geçirilen operasiýada tussag edildi we şondan bäri türmede otyr.
Praga sudy geçen ýylyň maýynda Nikuliniň Orsýete ýa-da Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilip biljegi barada karar çykardy. Bu ýerde soňky karar adalat ministri Robert Pelikana degişli.