Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina halkara kiber jenaýatlar bandasynyň ruhlandyryjysydygy aýdylýan adamy gaýtadan tussag etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ukrainanyň häkimiýetleri bir ýyldan gowrak öň halkara reýdlerinde ele salnan we halkara kiber jenaýatlar bandasynyň ruhlandyryjysydygy öňe sürülýän adamy gaýtadan tussag etdi.

Russiýada doglan we “Avalanche” diýlip tanalýan kompýuter serwerleriniň çylşyrymly jenaýat ulgamyna ýolbaşçylyk edendigine ynanylýan Gennadiý Kapkanow 25-nji fewralda Kiýewde Ukrainanyň kiber polisiýasy tarapyndan tussag edildi diýip, ukrain Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Artem Şewçenkonyň aýtmagyna görä, Kapkanowyň Kiýewde kireýine alan jaýynda onuň başga lakam bilen ukrain pasporty, notbuky we nagt pul tapyldy.

Ukrain polisiýasy tarapyndan ýaýradylan wideo ýazgyda Kapkanowyň tussag edilendigi we ofiserleriň onuň ýaşan jaýynda delilleri ýygnaýandygy görkezilýär.

XS
SM
MD
LG