Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elon Musk indi internet äleminde öwrülişik etmek isleýär


Elon Musk
Elon Musk

Amerikaly milliarder Elon Musk bu gezek internet tehnologiýalary ulgamynda öwrülişik etmek isleýär.

Arzan kosmiki raketa öndürmegi başaran “SpaceX” kompaniýasy indi älem giňişligine iki sany synag sputnigini (emeli hemra) ibermegi planlaşdyrýar. Bu sputnikler Ýeriň ýüzüne ýokary tizlikli internet ýaýradar.

Synag sputniklerine “Microsat-2a” we “Microsat-2b” diýip at berildi.

Musk uzak wagtdan bäri älem giňişligine sputnik çykarmagy we Ýer ýüzüniň islendik nokadyndaky adamlara gönüden-göni internet hyzmatyny hödürlemek isleýärdi.

Bu maksat bilen “SpaceX” kompaniýasy älem giňişligine 12 müň sany sputnik uçurmak isleýär. Ilkinji sputnikler indiki ýyl müşderilerine hyzmat edip başlar.

Aslynda sputnigiň internet hyzmaty henizem bar. Emma onuň tizligi pes we gymmat bahaly. Bu sebäpden hem köpçülik üçin elýeterli däl.

Häzirki wagtda hereket edýän sputnik köprülerini çetki nokatlarda taslamalary amala aşyrýan guramalar we kompaniýalar ulanýar.

Mysal üçin, heläkçilikli zonalarda işleýän guramalar, ýangyn söndürijiler sekuntda 5 Mb tizlikli interneti gününe ýüzlerçe dollar töläp ulanyp bilerler.

Deňiz we howaýollary kompaniýalary hem beýle internetden peýdalanýarlar.

Ýöne “SpaceX” we beýleki birnäçe kompaniýalar beýle hyzmatlaryň gündelik peýdalanmak üçin hemmeler üçin elýeterli bolmagyny isleýärler.

Sputnikler Ýer ýüzüne has ýakyn orbitada hereket edip, Ýerdäki antennalara has aňsat tolkun iberip bilýär.

Emma bu taslamalaryň tankytçylary hem bar. Olar beýle köp sanly enjamyň älemi hapalap biljekdigini, älem giňişligindäki hereketlere, beýleki sputnikleriň we uçarlaryň gatnawyna zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar.

Bu ýylyň oktýabr aýynda iki amerikaly senator ABŞ-yň döwlet organlaryna “SpaceX” kompaniýasynyň planlary barada öz aladalaryny beýan etdi.

Cory Booker we Dan Sullivan atly senatorlar “Diametri 10 sm bolan jisimleriň sputniklere çaknyşmagy olara ullakan zeper ýetirip biler. Diametri 1 sm bolan jisimler bolsa kosmiki gämini orbitadan çykaryp biler” diýip, hatlarynda ýazýarlar.

XS
SM
MD
LG