Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň göreş resmisi ýurduň Ysraýyl syýasaty üçin wezipesinden çekildi


Göreş
Göreş

Eýranyň göreş boýunça federasiýasynyň başlygy ýurduň ysraýylly türgenler bilen göreşmeli däldigi baradaky syýasatynyň çäginde eýranly pälwanlaryň jezalandyrylyp bilinýändigini tankytlap, öz wezipesinden çekildi.

Rasoul Khadem Federasiýanyň websaýtynda ýerleşdiren hatynda “Men ýalan sözläp biljek däl. Kämahal iň gowy garşylyk görkezmek, asla garşylyk görkezmezlikdir” diýip, belledi.

Olimpiýa altyn medalynyň eýesi Khadem mundan iki aý ozal Federasiýanyň başlyklygyna gaýtadan saýlanypdy.

Khademiniň iş ornundan gidýändigini baradaky habaryň yz ýany bilen ýurduň erkin we greko-rim göreşleri boýunça geňeşçiler hem wezipelerinden çekildiler.

Göreş Eýranda örän meşhurdyr. Tähran Ysraýyl döwletini ykrar etmän, öz türgenlerini ysraýyllylar bilen bäsleşmegini gadagan edýär.

XS
SM
MD
LG