Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Guş toplumynyň" döwrebaplaşdyrylmagy iş orunlarynyň kemelmegine getirýär


Aşgabat, "Kämil bazardaky" söwda
Aşgabat, "Kämil bazardaky" söwda

Azatlyk radiosynyň redaksiýasyna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, Sünçe obasynyň golaýynda ýerleşýän “Guş toplumy” kärhanasynyň ýapylýandygy, işçileriň köpçülikleýin işden boşadylýandygy barada maglumat gelip gowuşdy.

Bu Türkmenistanda 2007-2008-nji ýyllaryň sepgidinde döredilen iri göwrümli hususy kärhanalaryň biri bolup, il içinde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Aleksandr Dadaýewiň “hususy kärhanasy diýip bilinýär” diýip, ýurt içinden gelen maglumatda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, bu kärhanada towuklara nämälim bir kesel degip, olar gyrylmaga başlapdyr we şu sebäpden kärhanananyň işgärleri köpçülikleýin işden boşadylýar. Emma gürrüňi edilýän guş toplumynyň jogapkär işgäri Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu maglumatlary ret etdi. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Sünçedäki “Guş toplumy” A.Dadaýewiň hususy kärhanasy däl, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup durýar.

Ýöne muňa garamazdan, “Guş toplumy” kärhanasynyň iş orunlaryny kemeldýändigi, ýagny işgärleriň belli bir böleginiň işden boşadylýandygy tassyk bolýar. Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň jogapkär işgäriniň tassyklamagyna görä, işgärleriň işden boşadylmagy kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy, ozal adamlaryň eden işleriniň bir bölegini tehnikanyň ýerine ýetirmegi bilen bagly.

Bu kärhananyň döredilenine on ýyl çemesi wagt boldy, şol döwürdäki tehnologiýa bilen deňeşdirilende häzir towuk köpeldilýän zawodlarda ulanylýan tehnologiýa bütinleý özgerdi, kämilleşdi, şu sebäpden biz öz kärhanamyzdaky tehnikany ýuwaş-ýuwaşdan çalşyrmaga başladyk” diýip, jogapkär işgär Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýanwar aýynyň dowamynda, fewral aýynyň birinji ýarymynda kärhananyň inkubatory çalşyryldy, ýagny köne inkubator aýrylyp, döwrebap inkubator goýuldy. Bu ýagdaý, ozal adam eli bilen edilen işleriň esli böleginiň awtomatlaşdyrylmagy bilen baglylykda, ol ýerde işleýän işçileriň sanynyň 20-25 prosent azaldylmagyna alyp gelýär.

“Inkubator sehinde 20-den gowrak işçi işleýärdi, olaryň 8-si işden boşadyldy we olara ýanwar hem fewral aýlarynyň aýlyklary berildi” diýip, kärhananyň jogapkär işgäri aýtdy. Şeýle-de ol, inkubator täzelenende bir aýlap ol ýerde ýumurtga goýulmandygyny, indi goýlan ýumurtgalardan çykan jüýjeleriň bolsa üç ýerde saklanyp, diňe şondan soň bazara çykarylýandygyny gürrüň berdi.

Kärhanada geçirilen rekonstruksiýa, döwrebaplaşdyryş işleri, inkubator sehiniň bir aý işlemezligi bilen, beýleki sehler hem gezekli-gezegine bir aý boş durýar, emma muňa garamazdan “Guş toplumynyň” towuk etleri bazara, Aşgabatdaky we welaýat merkezlerindäki uly dükanlara çykarylýar diýip, jogapkär işgär aýtdy.

Azatlygyň habarçysy şondan soň Aşgabadyň “Mir bazaryna” baryp, bu guş toplumynyň towuklarynyň hakykatdanam şol ýerde satylýandygyny anyklady.

Mundan öň, has anygy geçen ýylyň aýagynda Daşoguzdaky, Baýramalydaky ýag zawodlarynda hem şeýle döwrebaplaşdyrma çäreleriniň geçirilendigi we işçileriň 15 prosent çemesiniň işden boşadylandygy habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky on-on bäş ýylynda gurlan zawod-fabrikleriň tehnologiýasynyň şol wagt hem köne, reňklenip getirilen we täze ornunda satylan tehnika bolandygy hakynda resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar çykdy.

Bu hili ýagdaýlar öz gezeginde şol kärhanalarda öndürilýän önümiň hiline, olaryň özüne düşýän gymmatyna, bazara we ýurduň ykdysadyýetine öz täsirini ýetirýär diýip, synçylar belleýär.

Emma türkmen häkimiýetleri ýurtda garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan, ýa ondan öňki kärhanalarda geçirilmeli döwrebaplaşdyrma çäreleriniň näçe iş ornunyň kemelmegine getirjekdigi, işini ýitirýän adamlaryň iş meselesiniň nähili çözüljekdigi, bu ugurda nähili tagallalaryň edilýändigi hakynda maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG