Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda towuklar näbelli wirusdan haram ölýärler


Soňky iki ýylyň dowamynda Daşoguzda hojalyk mallarynyň dürli wirusalara uçrap, haram ölýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar gowuşyp başlady. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda eýýäm birnäçe aýdan bäri hojalyklardaky towuklaryň näbelli bir wirusa ýolugyp, haram ölýändikleri barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmeleri Boldumsaz we Gurbansoltan eje etraplarynyň obalarynda towuklaryň eýýäm onlarçasynyň harap bolandygyny gürrüň berdiler.

“Wirusdan ölen towugyň eti kömür ýaly garalýar. Bir towuk wirusa uçraýsa, bir hepdä ýetmän obanyň beýleki hojalyklaryndaky towuklar hem oňa ýolugýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Boldumsazdaky çeşmesi gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýerli weterinar lukmanlarynyň dürli wiruslara garşy urýan sanjymlarynyň hem kömek bermeýändigine üns çekilýär.

“Weterinarlar çogurtma wirusyna we towuk dümewine garşy waksinalary sanjym edýärler. Emma, olaryň hiç hili peýdasy ýok. Weterinalaryň özleri hem häzirki wirusy anyklap bilmeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.

Mundanam başga, howanyň temperaturasynyň üýtgäp durmagy Daşoguzda gara mallarda sibir başy wirusynyň hem gaýtadan peýda bolmagyna getiripdir. Şol bir wagtda, sebitde gerekli waksinalaryň hem ýetmezçilik edýändigi aýdylýar.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň Daşogzuň häkimliginden we saglygy goraýyş edaralaryndan ýokarda beýan edilenler dogrusynda nähilidir bir kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi. Ýurduň resmileri we mediasy hem bu ýagdaýlar dogrusynda ilat köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler.

Galyberse-de, soňky iki ýylyň dowamynda Daşoguzda hojalyk mallarynyň dürli wirusalara uçrap, haram ölýändigi barada ýygy-ýygydan maglumatlar gowuşyp başlady.

Ýatlatsak, geçen ýylyň aýagynda Daşoguzda gara mallaryň onlarçasy näbelli bir wirusdan ölüpdi. Şonda mallaryň derisiniň içinden şänik ýaly çişleriň döräp, olaryň ot-iým iýman, bir hepdäniň içinde heläk bolýandygy bellenilip geçilipdi. Şol wagt hem sebitiň weterinar lukmanlary ne wirusy anyklap, ne-de bir oňa netijeli çäre tapyp bilipdiler.

Şeýle-de, 2016-njy ýylyň aýagynda Daşogzuň, Lebabyň we Ahalyň käbir etraplarynda tutaşan sibir başy wirusy sebäpli onlarça hojalyk mallarynyň, şol sanda towuklaryň hem haram ölendigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Şonda towuklaryň köpçülikleýin ýagdaýda gyrylmagy diňe bir hususy hojalyklarda däl, eýse uly towuk toplumlarynda hem bolup geçendigine üns çekilipdi.

Bu aralykda ýurduň döwlet mediasynda maldarçylygyň ‘pajarlap’ we ‘bedew bady’ bilen ösýändigi dogrusynda çykyşlaryň we tele-reportažlaryň berilýän pursady, mallaryň dürli, şol sanda anyklanylmadyk wiruslardan, waksinalaryň ýetmezçiliginden haram ölýändikleri barada dymylýar.

XS
SM
MD
LG