Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň kepek nobatlary baradaky wideosy halk arasynda seslenme döretdi


Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda kepek ugrundaky dawaly nobatlar
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda kepek ugrundaky dawaly nobatlar

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmesiniň fewralyň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynda surata düşürildi diýýän we 26-njy fewralda saýtymyzda çap edilen wideo ýazgyda kepek daşaýan ýük ulagyň töwereginde uly basa-baslygyň döreýändigini görmek bolýar. Erkek adamlar, aýal-gyzlar we hatda çagalar ulagyň daşynda emele gelen basa-baslygyň arasynda kepekli ulaga münüp, öz bedrelerine we gaplaryna kepek doldurmaga synanyşýarlar.

Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylary we çeşmeleri soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda dowam edýär diýilýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, halkyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklary barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Ynha şol maglumatlardan biriniň, ýagny ýurduň demirgazyk welaýatynda düşürildi diýilýän “gyzgalaňly” kepek nobatyndan bir kartinany janly görkezýän wideonyň peýda bolmagy bilen onuň Azatlyk Radiosynyň saýtynda we sosial ulgamlardaky hasaplarynda çap edilmegi okyjylaryň we tomaşaçylaryň arasynda seslenme döretdi.

Agzalýan wideonyň hususan-da Azatlygyň Facebook sosial ulgamyndaky hasabynda çap edilmegi bilen, okyjylar wideonyň aşagyna dürli kommentariýleri galdyrmak bilen öz reaksiýalaryny görkezdiler.

Mysal üçin, “Mähri Begmyradowa” atly ulanyjy şeýle diýýär: “Olar ýaly bolsa ýurduň özünde iş köpeltmeli, parahorlugy azaltmaly, sada halkyňam gazanjyny köpeltmeli, zagranyň srogyny azaldanyň bilenem aç halky zor bilen ýurtda saklap bolmaz, möhleti azalaýanda-da halk ýurtdan çykmagyň bir alajyny tapar. Hiç kim öz ýurdundan gidesi gelýändir diýip pikir edemok eger gazanç iş bolsa...”

“Bahar Rejepowa” atly ulanyjy hem türk dilinde galdyran teswirinde halkyň ýagdaýynyň agyrdygyny belläp “bir zad-a etmeli” diýen pikir bilen sözüni jemleýär.

“Ýyldyz Han” atly okyjy hem özüniň türk dilinde galdyran teswirinde, ýurtdaky zawod fabriklerde iş bolsa adamlaryň çagalaryny öz ýurdunda taşlap özge ýurda “keýpine” işlemäge gitmejekdigini çaklaýar.

“Ýyldyz Geçin” atly okyjy bolsa “iki hepde mundan ozal ýurduma gitdim, bahalar ot ýaly. Maşgala örän agyr ýagdaýdady, nädip düşündirjegimi bilemok. Özüm talyp bolansoň elimden gelýän zadam ýok. Ýeke-täk dilegim halkyň gözi açylsyn. Indi näme boljak bolsa bolsun!” diýip türk dilinde galdyran teswirinde şahsy pikirlerini beýan edýär.

Kepek ugrundaky dawaly nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00

“Tagan Nyýazow” atly ulanyjy hem özüniň türk dilinde galdyran teswirinde “Hudaýa şükür edeliň! Ynha serediň Siriýada bolýan zatlara!” diýip garaýyşlaryny beýan edýär.

“Nur Esenowa” atly okyjy hem özüniň türk dilinde galdyran teswirlerinde “Türkmenistan watanymyzy bulajak bolup azara galmaň! Türkmen halky beýle oýunlara aldanmaz!” diýip, öz pikir-garaýyşyny beýlekiler bilen paýlaşýar.

“Gulsanam Mamanowa” atly ulanyjy “soňumyz haýyr bolsun inşalla” diýen dileg bilen öz garaýyşlaryny beýan edýär.

“Ýyldyz Han” atly okyjy “bu näme üçin şeýle bolduka?” diýen sorag bilen öz ýaly sosial medianyň ulanyjylaryna ýüzlenýär. “Yhlas Babajanow” atly ulanyjy “olimpiýada boldy, şondan!” diýip aýdylýan kynçylyklara delil getirmäge synanyşýar. Muňa bolsa “Lokman Deniz” atly ulanyjy “olimpiýada geçirilýän ýurtlara daşardan pul ýagýar” diýip öz pikirini aýdýar. Bu söze goşulan “Arif Kizmaz” atly ulanyjy “korrupsiýaň bar ýerinde, gelýän pul döwletiň gaznasyna däl-de başga adamlaryň jübüsine gidýär” diýip jogap gaýtarýar.

Ýene-de söz alyp gürrüňe goşulan “Lokman Deniz” atly ulanyjy “gahar etmäliň, biraz sabyr edeliň, ynha görersiňiz, özüňizem geň galarsyňyz Türkmenistan watanymyz öser” diýip umyt bildirýär.

“Umyda Jumaýewa” atly okyjy “Dollar galdy, bazarda bahalaryň ýanyna barar ýaly däl, toba!” diýip teswir galdyrypdyr.

Aziz Meredow atly okyjy “Al saňa gerek bolsa, meniň ülkämde un ýok. Biz ýetişdirýäs, ýöne özümize ýok” diýip türk dilinde pikirini beýan edipdir.

Mähri Ýoldaş atly okyjy bolsa “Gel gör Beýik Türkmenbaşy, gör halkyňy” diýip öz teswirinde “Türkmenbaşa” ýüzlenýär.

“Jahan Galandar atly okyjy bolsa “Dasoguzda kepek iýenoklar, mallara berýärler. Onuň ýaly zat ýok, maşgalabaşyna aýda 1 halta un berýärler öz bahasyna” diýen bolsa, muňa jogap gaýtaran Ylham Açilow “Hawa, bilýäs, adam başyna 5 kg berýärler. Öz bahasy diýýäniň 200 manat, olam tapdyrmaýar” diýip teswir galdyrypdyr.

Umuman, agzalýan wideonyň aşagyndaky teswirler we dürli reaksiýalar häzir hem Azatlygyň sosial ulgamlardaky hasaplarynda dowam edýär.

Siz hem sahypalarymyza girip öz pikirleriňizi biziň bilen paýlaşyň!

XS
SM
MD
LG