Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda maýyplardan bank kartlaryna geçmek talap edilýär


Maýyp bir adam.

Daşoguzda maýyplar üçin kömek pullary mundan beýläk bankomatlaryň üsti bilen berler. Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň Saparmyrat Nyýazow etrabynyň obalarynyň birinde bu baradaky degişli bildirişiň asylandygyny habar berdi.

“Maýyplar üçin kömek puly berilýän kassalarda mejbury plastik kartlaryna geçmek barada bildiriş asylypdyr. Sebäbi bilen gyzyklanamda, indi her 10 sany daýhan birleşigine bir kassiriň galdyrylyp, galanlarynyň bolsa işinden boşadyljakdygyny aýtdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky bir çeşmesi gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, soňky birnäçe aýyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleri bilen birlikde, pensionerler, maýyplar, çaga üçin kömek pullaryny alýanlar hem plastik kartlaryna geçmeli edildi.

Mundanam başga, Daşoguzda ilata döwlet tarapyndan tölenýän pеnsiýa-kömek pullaryny plastik kartlaryna geçirmek isleýän pеnsionerler plastik kartyny almak üçin ýany bilen özüne kеpil geçip biljek işleýän adamy alyp barmak hem talap edilýär. Munuň kepil geçýän adamyň pеnsioneriň aradan çykan ýagdaýynda habar bermek üçin edilýändigini aýdylýar.

Belläp geçsek, aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň plastik kartlaryna geçirilmegi bilen ilat soňunda pullaryny nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady.

Media we durmuş: Bankomatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

Bir tarapdan, oba ýerleriniň ilatynyň – ýaşaýan sebitlerinde bankomatlaryň ýoklugy sebäpli – onlarça kilometr ýoly söküp, etrap merkezlerine gatnamaly bolýandygynyň kynçylyk döredýändigi aýdylsa; başga bir tarapdan bankomatlarda pullaryň ýoklugy we nagtlaşdyryp bolýan maliýe serişdelerine girizilen çäkleriň ilaty kyn güne salýandygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi ýerli býujet işgärleriniň özleriniň plastik kartlaryna geçirilen ýanwar aýynyň aýlyklaryny häzikri güne çenli hem nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini gürrüň berdi.

“Adamlar gije gelip, bankomatlaryň öňüni garawullaýarlar. Olara pul goýlan halatynda hem bir günüň dowamynda adam başyna 150 manatdan artyk puly nagtlaşdyryp bolmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmesi belledi.

Galyberse-de, ýurtda plastik kartlar bilen nagt bolmadyk töleg üçin mümkinçilikler heniz çäkli bolmagynda galýar.

Türkmen resmileri ilatyň bank kartlary sebäpli çekýän kynçylyklary barada häzirki güne çenli dymyp gelýärler. Munuň deregine, döwlet mediasynda adamlaryň bankomatlardan hiç hili bökdençsiz pullaryny nagtlaşdyryp, olary maňlaýlaryna sylýan pursatlaryny görkezýän reportažlar görkezilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG