Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen zenany we ýaranlary $2,4 million 'mailhack' ogurlygynda aýyplanýar


Türk polisiýasy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türk mediasynda türkmen migrantlaryň gatnaşmagynda bolýan we jemgyýetde uly seslenme döredýän ogurlyklar barasynda yzygiderli habarlar çykmaga dowam edýär we bu gezek aýyplanýanlaryň arasynda bir türkmenistanly ýaş zenanyň bardygyna aýratyn üns çekilýär.

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran habarda aýdylşyna görä, Stambulda halkara söwda bilen meşgullanýan firmalaryň elektronik poçta salgylaryny ogurlap, olaryň adyndan 9 million 120 müň türk lirasy, ýagny 2,4 million amerikan dollaryna golaý puly öz hasabyna geçiren hakerler toparyna garşy gurnalan operasiýada 7 sanysy daşary ýurtly jemi 14 adam ele salnypdyr.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna maglumat beren Stambuldaky polis çeşmesiniň aýtmagyna görä, hakerler toparynyň daşary ýurtly agzalarynyň biri Nurgözel Güýjowa atly zenan, galany bolsa dürli ýurtlaryň raýatlarydyr.

Halkara söwda bilen meşgullanýan 6 sany firmanyň ýolbaşçysynyň Stambulyň respublikan sülçüligine “işleşýän firmalary bilen aragatnaşykda ulanýan elektronik poçta salgylaryny ogurlap, olaryň bergilerini başga adamlaryň öz hasabyna geçirendigi” barasynda eden arz-şikaýatyndan soň, Stambul polisiniň elektronik jenaýatlara garşy göreş bölümi derrew gözläp-agtaryş işini başladýar. Polisler firmalardaky kompýuterlerde geçiren barlagynda elektronik poçta salgylarynyň başga adamlar tarapyndan iberilen wiruslar arkaly "mailhack" usuly bilen ogurlanandygyny anyklaýar.

Ondan soň kompýuter hünärmeni polisler firmalaryň adyndan täzeden owalkylara meňzeşräk elektronik poçta salgylaryny açýar we tölegi amala aşyrmaly firmanyň adyndan algydar firma galp elektronik hat iberilýär. “Önümleri aldyk. Töleg üçin resminama ibermegiňize garaşýarys” diýen hat iberilýär we ol firmanyň iberen resminamasyny şeýlelik-de diňe ogrylar topary alypdyr.

Hakerler töleg resminamasyndaky banka hasap maglumatyny özüçe üýtgedip, soň töleg etjek firma iberýärler. “Bankalardaky säwlikler sebäpli bank hasap maglumatlarymyz üýtgedildi” diýen duýduryş bilen iberilen banka hasabyna töleg amala aşyrylan mahaly, puly ogrylaryň alandygy äşgär bolupdyr.

Ondan soň Stambul polisi 6 firmany şeýle duzak bilen aldawa salyp 2,4 million dollara golaý puly öz hasabyna geçiren hakerler toparynyň ähli agzalaryny ýekän-ýekän tapýar. Şol bir wagtyň özünde, dürli salgylarda geçirilen operasiýada biri türkmenistanly we galany nigeriýaly 7 sany daşary ýurtly bilen, jemi 14 sany güman edilýän ele salynýar.

Stambuldaky polis çeşmesi türkmenistanly migrant zenan Nurgözel Güýjowanyň sosial ulgamdaky sahypasynda dürli ýaraglar bilen düşen suratlarynyň aýratyn üns çekýändigini aýtmak bilen sözleriniň üstüni ýetirdi.

Ýatlap geçsek, bu türkmenistanly migrantlaryň gatnaşmagynda edilen şeýle uly göwrümli ogurlyklaryň ilkinjisi däl. 17-nji fewralda Stambulyň Harbiýe mähellesinde ýaşaýan Leýla Ç. atly zenanyň öýündäki gymmaty 3 million 500 müň türk lirasyny, ýagny 900 müň dollary aşýan şaý-sepleri ogurlanypdyr we munuň bilen baglanşykly onuň öýünde işleýän migrantlar bilen owal işlän Narjemal B. atly türkmen zenany tussag edilipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG