Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň geňeşçisi Günbatar Orsýeti global internetden üzňeleşdirmäge synanyşyp biler diýýär


Orsýetiň interneti ösdürmek boýunça institutynyň müdiri German Klimenko
Orsýetiň interneti ösdürmek boýunça institutynyň müdiri German Klimenko

Eger Günbatar Orsýeti global internetden üzňeleşdirmek arkaly jezalandyrmaga synanyşsa, ol muňa taýýardyr diýip, prezident Wladimir Putiniň baş geňeşçisi aýtdy.

“Hawa, siz diňe düwmä basyp, ýurdy üzňe edip bilersiňiz” diýip, Putiniň internet boýunça geňeşçisi German Klimenko 5-nji martda döwletiň gözegçiligindäki NTW telewideniýesine aýtdy.

"Tehniki taýdan biz islendik herekete taýýar” diýip, Klimenko aýtdy.

Orsýet birnäçe ýurtda kiber hüjümleri amala aşyrmakda we kiber hereketlere baş goşmakda aýyplanýar.

ABŞ geçen ýylda ýörite topar döredip, Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna güman edilýän goşulyşmagyny we onuň ilkinji nobatda Facebook we Twitter sosial ulgamlarynda galp maglumat ýaýratmagynyň ähtimallygyny derňeýär.

Orsýet ABŞ-nyň birnäçe sanksiýalaryna sezewar boldy. ABŞ-nyň ýolbaşçylary Orsýetiň global internetden üzňeleşmek boýunça kiber instruksiýalaryna jogap bermegiň takyk ýollaryny açyk maslahat etmediler, şol bir wagtda-da, belli pursatda Orsýetiň kiber urşuna jogap bermäge taýýardygyny mälim etdiler.

Klimenko günbatar ýurtlarynyň Orsýeti internetden üzňeleşdirmäge synanyşyp biljekdigini we Moskwanyň muňa taýýardygyny geçmişde-de ençeme gezek aýdypdy.

XS
SM
MD
LG