Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Dumasynyň spikeri: Zenan žurnalistler jynsy süýkenmäniň öňüni almak işini çalyşmaly


Russiýanyň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin kanun çykaryjy organ barada habar berýän zenan žurnalistler kanunçykaryjylaryň jynsy süýkenmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolsa, onda olar işlerini çalyşsynlar diýdi.

Wolodin bu barada 7-nji martda, ýagny Russiýada resmi baýramçylyk diýlip kesgitlenen Halkara aýal-gyzlar gününden bir gün öň, zenan žurnalistleriň bir toparynyň öňünde çykyş etdi.

Wolodin ýakynda zenan žurnalistler tarapyndan ýokary derejeli kanunçykaryjy Leonid Slutskiýniň jynsy süýkenmelerde aýyplanmagyny, Slutskiýni “abraýdan gaçyrmak synanyşygy” diýip häsiýetlendirdi.

“Siziň üçin Dumada işlemek howplymy? Eger şeýle bolsa, onda işiňizi çalşyň” diýip, Wolodin aýtdy.

Wolodin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany bolup, mundan ozal ol Putiniň prezident edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işläpdi.

Wolodiniň bu barada çykyşy, BBC neşiriniň žurnalistiniň Slutskiýni jynsy süýkenmede aýyplamagyndan bir gün soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG