Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meýlis bozujy: Türkmen prezidenti Merkezi Aziýa sammitinde görünmez


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, arhiw suraty.

Köp ýyllardan bäri ilkinji gezek geçirilýän Merkezi Aziýa sammiti Astanda, 15-16-njy martda bolar we, görnüşinden, uly waka öwrüljege çalym edýär.

Emma türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda bu sammite gelmejekdigini aýdyp, gazak paýtagtyndaky ýygnanyşygyň biraz gyzygyny gaçyrdy.

Berdimuhamedow sammite gatnaşmazlygynyň sebäbini aýtmady we bu ýagdaý gelnen kararyň has kän geňirgenme döretmegine getirdi, sebäbi basym onuň Özbegistana resmi sapary hem planlaşdyrylypdy.

Elbetde, bu türkmen prezidentiniň beýleki Merkezi Aziýa liderleri bir ýere toplananda çetde galmagynyň birinji mysaly däl. Emma bu gezek şeýle karara gelinmegi aýratyn-da geň, sebäbi Türkmenistan öz goňşularynyň goldawyny häzirki ykdysady kynçylyklaryndan çykmak üçin peýdalanyp biljek.

Arhiw maglumatlaryndan çen tutsak, Merkezi Aziýa döwletleriniň bäş lideri, başga ýolbaşçylar gatnaşmazdan, diňe bäş gezek – 1991-nji ýylyň dekabrynda, 1993-nji ýylyň ýanwarynda, 1998-nji ýylyň ýanwarynda, 1999-njy ýylyň aprelinde we 2009-njy ýylyň aprelinde (soňky hakykatda Aral deňzi sammiti boldy) ýygnanyşdy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri özara has ýygy-ýygydan duşuşyp durýarlar, emma Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bu hili duşuşyklara kän barmazdy we Berdimuhamedow hem ondan nusga aldy.

Çetleşiji tendensiýalar

Şeýlelikde, prezidentleriň türkmen prezidentiniň gatnaşmazlygynda duşuşmaklary geň däl, emma häzir başga döwür, hususan-da Türkmenistan üçin.

Aşgabat Türkmenistanyň BMG tarapyndan ykrar edilen bitaraplyk durumyna buýsanýar we ony dünýä ýüzünde iň bir çetleşiji ýurt bolup galmak üçin ulanýar. Emma Türkmenistan häzir ykdysady krizisi başdan geçirýär, onuň üçin daşarky dünýä bilen baglanyşykda, gatnaşykda bolmak başga wagtdakysyndan has möhüm bolup durýar.

Özbegistanyň täze prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabrynda häkimiýet başyna geleli bäri regional hyzmatdaşlygy iň ileri tutulýan meseleleriň birine öwürdi. Bu ýagdaý eýýäm Türkmenistanyň Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana elektrik ibermegini dikeltmegine ýol açdy. Onsoň sammitde beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen gepleşmek has köp ylalaşyga, aýdaly, Gazagystandan has köp un import etmek mümkinçiligine getirip bilerdi (aşakda seret).

Gyrgyzystan we Täjigistan soňky aýlarda Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahamçasynyň – türkmen gazyny Hytaýa eltýän dört uly geçirijiniň iň ulusynyň, diňe türkmen gazyny akdyrjak böleginiň gurluşygyny öňe itermek bilen käbir yşaratlary etdiler.

Bu Türkmenistanyň häzir örän mätäç bolan girdeji çeşmesi we şu sebäpden Berdimuhamedow üçin gyrgyz we täjik kärdeşleri bilen duşuşyp, olary bu geçirijiniň özlerine degişli böleginiň gurluşygyny tamamlamaga çagyrmagy ileri tutulýan mesele bolmaly.

Merkezi Aziýa, hususan-da Türkmenistan üçin owgan serhediniň boýundaky howpsuzlyk örän wajyp tema bolup durýar, sebäbi Owganystanyň demirgazyk-günbatar regionlaryndaky jeňçiler, aýdylmagyna görä, türkmen serhediniň boýlarynda hereket edýärler.

Şeýle-de, bu sammit türkmen döwlet mediasy üçin hem bir gowy mümkinçilik bolardy, ýagny olar Berdimuhamedowyň öz merkezi aziýaly kärdeşleri bilen duşuşygyny görkezip, ekranlaryny dolduryp bilerdiler.

Şeýlelikde, Berdimuhamedowyň Astana gitmezligi bir syr bolup galýar.

Azyk gytçylygy

Türkmen prezidentiniň bu duşuşykdan gaça durmagynyň mümkin bolan birnäçe sebäbi bar.

Olaryň iň mantyga, logika gabat gelýäni Türkmenistanyň ykdysady krizisiniň has ýitileşmegine golaýlamak ähtimallygy bolup durýar.

AÝ/AR-nyň Türkmen gullugy, Azatlyk radiosy indi ençeme aý bäri ýurtda esasy harytlaryň ýetmezçiligi barada maglumat berýär.

Mysal üçin, Azatlyk 5-nji martda Mary welaýatynda lapykeç bolan raýatlaryň bir toparynyň dükandaky unuň gutarandygyny aýdan ýerli resmä ynanman, dükana güýç bilen girendigini habar berdi.

Türkmenistanyň regionlarynda un gytçylygy dowam edýär. Un söwdasy çäklendirildi we adamlar gutarmaka un almak umydy bilen açylmadyk dükanyň öňünde sagatlap nobata durýarlar. Mary welaýatyndaky nägile mähelläniň agzalary, aýdylmagyna görä, un ýok diýen resmini urup, dükanyň içine kürsäp girdiler we ol ýerdäki unly haltalary adamlara paýladylar.

Mary welaýatynyň başga bir ýerinde bolsa, aýallaryň topary ýoly baglap, resmileriň uny hemmelere ýeter ýaly etmegini, olaryň özleri bilen duşuşmagyny talap etdiler.

Şeýle-de, demirgazykdaky Daşoguz welaýatynda hem adamlaryň häkimiýet binalarynyň daşynda toplanyp, azyk gytçylygy problemalarynyň çözülmegini talap edendigi habar berilýär.

Häkimiýetleriň bu görýän synaglary Türkmenistanda birki ýyllykda hem akyla getirip boljak zat däldi, emma olar soňky bir ýylda barha we barha ýygjamlaşýana meňzeýär.

Bu Berdimuhamedowyň sammite gatnaşmazlygynyň weTürkmenistanda galmagynyň iň bir mantyga gelýän sebäbi bolup görünýär, emma bu hakyky sebäbe çalym etmeýär.

Näsaglyk

Beýleki bir sebäp bolsa, Berdimuhamedowyň soňky wagtlar saglygynyň gowy däldigi barada edilýän gürrüňler bilen bagly.

Bu sözi dowam etdirmezden öň men siziň näme pikir edýändigiňizi aýdaýyn: näsaglyk we Merkezi Aziýa liderleri baradaky gürrüňler el-ele berip, galman gelýär we biz bu ýolda öňem ýüz gezek bolduk. Emma Berdimuhamedow ýanwar aýynyň aýagynda azyndan bir hökümet mejlisinde bolmady we Mary hem-de Lebap welaýatlaryna başda bellenilen wagtyndan has soň sapar etdi. Ýöne muňa hiç bir düşündiriş berilmedi. Şeýle-de, haçanda ol fewralyň başynda täzeden ile çykanda, adatdakylaryndan biraz ysgynsyz göründi.

Mundanam başga, Türkmenistan 25-nji martda parlament saýlawlaryny geçirýär. Berdimuhamedow sammite gatnaşmakdan öňde duran saýlawlar sebäpli hem saklanyp biler, emma bu örän igli sebäpleriň biri bolar. Sebäbi Türkmenistanda saýlawlar öňünden planlaşdyrylan galypda geçirilýär we olaryň netijeleri saýlawçylar ses bermezlerinden kän öň belli bolýar.

Sebäpleri ýa sebäbi haýsy hem bolanda, Berdimuhamedowyň sammite gitmezlik baradaky karary örän uly ýalňyşlyk bolup biler.

Bu sammite parlamentiň spikeri Akja Nurberdiýewanyň, resmi taýdan prezidentden soň ikinji orunda durýan güýçli resminiň ýolbaşçylygynda bir delegasiýa iberilýär. Emma hakykatda Türkmenistan bilen Berdimuhamedowsyz ylalaşyk baglaşmak mümkin däl.

Berdimuhamedow we onuň ýurdy Merkezi Aziýadaky täze regional hyzmatdaşlykdan kän peýda görüp biljek we Türkmenistanyň hakykatda onuň bir bölegi bolmak bilen ýitirjek zady ýok.

Şu sebäpden hem, Berdimuhamedowyň öýde galmak kararyna gelmeginiň sebäbi her näme-de bolsa, bu ýerde nähilidir bir çynlakaý sebäp bar bolmaly diýen netije çykarasyň gelýär.

Bu makalanyň ýazylmagynda AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň direktory Farruh Ýusubow hyzmatdaşlyk etdi. Blogda öňe sürlen pikir-garaýyşlar hökmany suratda AÝ/AR-nyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG