Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ýüzlerçe zenan Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli ýöriş geçirdi


Owgan zenanlary ýöriş geçýär. Arhiwden alnan surat
Owgan zenanlary ýöriş geçýär. Arhiwden alnan surat

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýüzlerçe aýal 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýöriş geçirip, owgan häkimiýetlerine aýallaryň öz seslerine eýe bolmagyny, olaryň sesleriniň eşidilmegini, bilim almagyny üpjün etmek we olary artýan ýowuzlyklardan goramak üçin entek hem has köp işleriň edilmelidigini ýatlatdy.

Owganystanyň garaşsyz Adam hukuklary komissiýasynyň başlygy Sima Samar owgan howpsuzlyk güýçlerindäki zenanlaryň öňünde çykyş edip, “siziň howpsuzlygyňyz owgan zenanlarynyň ählisiniň howpsuzlygydyr” diýdi.

Şeýle-de, ol uniformaly zenanlara öz ýolbaşçylary tarapyndan kemsitmelere sezewar edilen halatynda, bu barada Adam hukuklary komissiýasyna habar bermegi hem ýatlatdy.

Soňky 10 ýylyň dowamynda Owganystanyň merkezi şäherlerinde ýaşaýan zenanlar üçin umumy ýagdaýlar birneme gowulyga tarap üýtgän hem bolsa, çetki sebitlerde ýaşaýan aýal-gyzlaryň diskriminasiýalar we ýowuzlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy henizem dowam edýär.

XS
SM
MD
LG