Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda Ýangyn howpsuzlyk gulluklary ilatyň gaz enjamlaryny barlap pul çöpleýär


Illýustrasiýa suraty

Gündogar Türkmenistanyň Lebap welaýatynda Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri öýlere aýlanyp oturdylan gaz enjamlarynyň howpsuzlyk ýagdaýyny barlansoň, ýaşaýjylara 1 ýyllyk guratlyk rugsat hatyny berip, munuň deregine her bir gaz enjamy üçin 6 manat pul soraýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 9-njy martda habar berdi.

“[Aýlanýan gullukçylaryň] bu tölegleri göwünli-göwünsiz ýygnaýandygyny, olaryň diňe ýokardan berlen görkezmäni ýerine ýetirýändigini aňsa bolýar, sebäbi agyr şertlerde ýaşaýan adamlaryň ýagdaýlaryny düşündirmegi bilen olar “Düşünýäris, ýöne haçan tölejek? Şonda geleli!” diýip, ýagdaýa düşünýärler” diýip, lebaply habarçy gürrüň berdi.

Köp maşgalalarda nagt pul bolmansoň olaryň “pensiýa puly alanda” ýa-da “kömek puly gelende töleg etjek” diýmegi bilen, Ýangyn howpsuzlygyň gullukçylarynyň soň ýene-de yzlaryna öwrülip geljekdiklerini aýdyp gidýändigini habarçy gürrüň berdi.

Köp hojalygyň maliýe kynçylyklary çekýändigine ünsi çeken habarçy, welaýatda iş ýerleriniň azdygyny, şol sebäpdenem işleýän adamlaryň sanynyň ujypsyzdygyny, köpleriň “pensiýa puly ýa-da halk arasynda “posobiýa” atlandyrylýan döwletiň ujypsyz kömek puly bilen” oňňut edýändigini habar berdi.

Agyr ykdysady şertleri başdan geçirýän hojalyklar üçin agzalýan tölegleriň artykmaç bolýandygyny ýaňzydan habarçy gaz edaranyň öz işgärleriniň hem dürli tölegleri ýygnaýandygyny, üstesine olaryň öz hödürleýän hyzmatlarynyň hiliniň pesdigini, olaryň gaz enjamlaryna harsal çemeleşýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýurduň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan synçylar Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň esasy agramynyň halkyň gerdenine düşýändigine ünsi çekýärler.

Ýatladyp geçsek, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabr güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçirilen “Ýaşulylar maslahatynda”ondan ozal halka mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berilýän tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň we suwuň mugtçulygynyň 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap ýatyrylmagy kararlaşdyryldy. Şonda ýurduň baştutany bu karary “ilatyň girdejisiniň ýyldan-ýyla artýandygyny we köp sanly iş orunlarynyň döredilýändigini” öňe sürüp delillendiripdi.

Lebapda öýlerdäki gaz enjamlaryny barlaýan Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri
Lebapda öýlerdäki gaz enjamlaryny barlaýan Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri

Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlet bilen girizildi we soňra bu mugtçulygyň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdylypdy.

Mugtçulygyň ýatyrylmagy baradaky kararyň makullanmagy bilen Türkmenistandan suw ölçeýjileriň tölegleri, gaz edaranyň işgärleriniň dürli hyzmatlar üçin ilatdan talap edýän tölegleri barada gelip gowuşýan habarlaryň ýygylygy ýygjamlaşdy.

Mundan ozalky töleg tejribeleri

Meselem, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda beren maglumatlarynda aýdylmagyna görä, ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatynda ýylyň başyndan başlap welaýatyň gaz, ýangyn howpsuzlygy, elektrik we agyz-suw edaralary gapyma-gapy aýlanyp, 2018-nji ýyl üçin ediljek hyzmatlaryň tölegini öňünden ýygnapdylar. Töleg etmäge razy bolmadyk ýa-da gurby çatmadyk adamlara jerimeleriň ýazylandygyny, ýazylan pul jerimeleriniň soňlugy bilen göterimi bilen töledilýändigini habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar beripdi.

Şeýle-de, Azatlygyň Mary welaýatyndaky çeşmesi ýanwaryň aýagynda ýerli gaz edarasynyň işgärleri bilen ýyladyşhanalarda gök önüm ýetişdirýän daýhanlaryň arasynda ulanylan gazyň bahasy boýunça döreýän dawalar barada habar berdi. Şonda Azatlygyň Mary welaýatyndaky çeşmesi: “Görnüşinden, gaz edarasynyň halkdan gaz töleglerini çöpläp alýan işgärleriniň käbiri Murgap etrabynda ýyladyşhanalarda gök önüm ýetişdirip, maşgalasyny eklemäge çalyşýan adamlaryň talaňçylaryna öwrülýär” diýip habar beripdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we habar serişdelerinde agzalýan meseleler boýunça halkyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dogrusynda kelam agyz dil ýarylman, muňa derek mawy ekranlarda “bagtyýarlyk zamanasynda gazanyldy” diýilýän “üstünlikler” tahýaly talyplara, ak-sakal ýaşulylara, erkeklere, aýallara we hatda çagalara taryp etdirilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG