Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ermeni oppozisiýa topary ýöriş geçirdi


“Ermenistan Döwletiniň Fronty” atly topar Ýerewanyň Azatlyk meýdançasynda ýygnandy.
“Ermenistan Döwletiniň Fronty” atly topar Ýerewanyň Azatlyk meýdançasynda ýygnandy.

Ermenistada täze esaslandyrylan oppozisiýa topary paýtagtda özüniň ilkinji ýörişini geçirdi.

“Ermenistan Döwletiniň Fronty” atly topar Ýerewanyň Azatlyk meýdançasynda ýygnanyp, beýleki talaplar bilen birlikde, syýasy tussaglaryň boşadylmagyny soradylar.

Toparyň liderleri beýleki oppozisiýa syýasy partiýalaryna hem ýüzlenip, aprel aýynda ikinji prezidentlik möhleti tamamlanýan Serž Sarkisýanyň häkimiýeti gaýtadan öz eline geçirmegine garşy durmaga çagyrdylar.

2-nji martda ermeni parlamenti, häzirki ýurt baştutany bilen hiç hili garyndaşlyk bagy bolmadyk, Armen Sarkisýany ýurduň nobatdaky prezidenti hökmünde saýlapdy.

XS
SM
MD
LG