12-nji martda Britaniýanyň Milli howpsuzlyk geňeşi Salisberi şäherinde Orsýetiň öňki içalysy we onuň gyzyna nerwleri ysmaz edýan gaz bilen edilen hüjüm hakda maslahat geçirer.
Duşuşyga premýer-ministr Tereza Maýyň ýolbaşçylygynda ýokary derejeli ministrler gatnaşarlar. Olar 66 ýaşly Sergeý Skripal bilen onuň 33 ýaşyndaky gyzy Ýulia Skripaly öldürmäge gönükdirilen synanyşyk hakda geçirilen barlaglaryň netijeleri bilen üpjün ediler.
Resmiler 4-nji martda nerwleri ysmaz edýän gaz bilen zäherlenip, Salisberiniň keselhanasyna düşen Skripallar “agyr, ýöne durnukly ýagdaýda” diýýärler.
Aýdylyşyna görä, zäherlenen Skripallara seredip, kesel bolan polisiýa işgäri hem agyr ýagdaýda.
Barlag işleri sekiz gün bäri alnyp barylýar, ulanylan nerw gazynyň takyk nämedigi hakda berlen maglumat ýok.
12-nji martda britan parlamentiniň daşary işler komitetiniň başlygy zäherlenme “döwlet tarapyndan goldalan ýaly, aýylganç görünýär” diýdi.
“Biz premýer-ministriň basym we açyk etjek yglannamasyna garaşýarys. Ol barmagyny Kremle tarap çommaldar diýip çaklaýaryn” diýip, kanun çykaryjy Tom Tugenthat BBC radiosyna aýtdy.
Kreml özüniň bu işde eliniň ýokdugyny belläp, britan mediasyny anti-Orsýet tutgaýyny güýçlendirmekde aýyplaýar.
Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň öňki polkownigi Skripal döwlet syrlaryny Britaniýanyň gizlin aňtaw gullugyna geçirenlikde aýyplanyp, 2006-njy ýylda Moskwanyň harby kazyýeti tarapyndan “ýokary dönüklikde” günäli tapyldy. Ol 2010-njy ýylda Orsýetiň Birleşen Ştatlarda tutulan 10 gizlin agenti bilen çalşylyp, türmeden boşadylanlaryň biridir.
Angliýanyň ýokary derejeli medisina işgärleriniň aýtmagyna görä, Skripal bilen onuň gyzyny zäherlemek üçin ulanylan nerw gazynyň ýokundylary bir piwohanadan we restorandan tapylypdyr. Olar kesel bolmazdan öň şol ýerde bolupdyrlar.
11-nji martda medisina işgäri Salli Dawies bu madda bilen ilteşigi bolan takmynan 500 adamy ätiýaç üçin egin-eşiklerini ýuwmaga, şeýle hem mobil telefon, el sumkasy we äýnek ýaly zatlaryny arassalamaga çagyrdy.
“Nerw gazynyň ýokaşan ýerleri bar. Ýöne men munuň ‘The Mill’ piwohanasynda ýa ‘Zizzi’ [restoranynda] bolanlaryň saglygyna zyýan ýetiren däldigine ynanýaryn” diýip, Dawies aýtdy.
BBC-niň habarynda Skripallaryň nahar edinen restoranynda stoluň üstünde we töwereginde zäherli maddanyň ýokundylarynyň tapylandygy aýdylýar.
Daşary işler ministri Boris Jonson Orsýetiň munda eliniň bardygy anyklanan halatynda, Britaniýanyň Moskwanyň garşysyna girizilen sanksiýalary artdyrmagy mümkin diýdi.
10-njy martda içleri işler ministri Amber Rudd zäherli hüjümiň aňyrsynda kimiň ýatandygyny aýdardan entek “gaty ir” diýdi.
Onuň aýtmagyna görä, polisiýa häzir 200-den agdyk subutnamany gözden geçirýär, şeýle hem şaýatlar bar, olaryň sany 240-den geçýär.