Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti BMG-niň Owganystan boýunça rezolýusiýasyny we Nowruza taýýarlyklary maslahat etdi


Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow (arhiw suraty)

Türkmenistanyň hökümeti 12-nji martda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Türkmen metbugatynda çap edilen resmi maglumatlara görä, maslahatyň esasy temalary BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ygtyýarlygynyň möhletini uzaltmak barada 8-nji martda kabul eden rezolýusiýasy we Türkmenistanyň TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna, Kerki-Ymamnazar-Akina demirýolunyň we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe halkara transport proýektlerine berýän ähmiýeti bilen bagly boldy.

Prezident Berdimuhamedow BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ygtyýarlygyny uzaltmak baradaky rezolýusiýasynyň mazmuny we ähmiýeti barada, şeýle-de, “ähliumumy parahatçylyk we ösüş ugrundaky inisiatiwalary” barada köpçüligi habarly etmek üçin iş geçirmegi Türkmenistanyň DIM-ne tabşyryk berdi.

Şeýle-de, hökümetiň maslahatynda ýurtda 21-nji martda Nowruz baýramyny geçirmek we ählihalk ýowarynda köpçülikleýin agaç ekmek üçin görülýän taýýarlyklara üns berildi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatynda eden çykyşynda alyp barýan syýasatynyň döwletçiligiň binýadyny berkitmek, ykdysadyýetiň çalasyn ösmegini gazanmak we eziz halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini belläpdir.

Türkmenistanyň hökümet agzalary 12-nji martda geçiren iş maslahatynda gurluşyklaryň alnyp barylyşyny we ählihalk ýowarynda köpçülikleýin agaç ekişlige taýýarlygy maslahat edip, hususan-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 adamlyk sanatoriýiň guruljagyny we Nowruz baýramynyň hem ýowaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljegini habar berdiler.

Hökümet maslahatynda Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda oba hojalyk önümçiligine we pagta ekişligine görülýän taýýarlyklaryň gidişi barada regional häkimleriň hasabatlary diňlendi.

XS
SM
MD
LG