Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen talyplaryndan sessiýalardan soň ýurda dolanmaklary talap edilýär


Türkmen talyplary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Türkmen talyplary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryndan sessiýa synaglaryny dynan pursatlary dessine yzyna – Türkmenistana dolanmaklary talap edilýär.

Soňky birnäçe günüň dowamynda, türkmen resmileri daşary ýurtlardaky talyplaryň ene-atalaryna, garyndaşlaryna jaň edip, bu barada ýörite görkezme berýärler.

Читайте также на русском

“Ýerli polisiýa işgäri öýümize jaň edip, sessiýany ýapan pursadym, dessine ýurda dolanyp gelmelidigimi aýdypdyr. Ol sessiýanyň gutaran senesi bilen ýurda gaýdyp gelen pursadymyň hem deňeşdirilijekdigini aýdyp, eger bu wagt araçägi 1-2 günden artyk bolsa, maňa garşy çäre görüljekdigini-de duýdurypdyr” diýip, häzir Belarusda bilim alýan türkmen talyby Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, polisiýa işgärleriniň bu täze talabyň maksady we görülejek “çäreleriň” mazmuny barada talyplaryň garyndaşlaryna hiç hili maglumat bermeýşi ýaly, olar Azatlyk Radiosyna hem nähilidir bir düşündiriş bermekden ýüz öwürdiler.

Emma, Azatlyk Radiosynyň ýurduň Migrasiýa gullugyndaky ýagdaýlardan habarly bir çeşmesi, mundan beýläk daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň diňe 9 aýlyk, ýagny bir okuw ýyly möhleti bilen ýurduň daşyna goýberiljekdigini gürrüň berdi.

Emma, daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara girizilýän bu çäklendirmäniň maksatlary dogrusynda häzirlikçe hiç hili maglumat almak başartmady.

Şol bir wagtda, bu soňky özgertmeler türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň biometriki maglumatly, ilat arasynda ‘zagran’ diýlip atlandyrylýan pasportlarynyň möhletini bäşden bir ýyla çenli azaltmak planlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýatlatsak, gürrüňi gidýän pasportlary almak, olaryň möhletini uzaltmak proseduralary diňe Türkmenistanyň özünde amal edilip, ýurduň daşary ýurtdaky wekilhanalarynda bu işleri etmek mümkinçiligi ýok.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň Migrasiýa gullugyndaky çeşmeleri şol pursat bu ädimiň esasan daşary ýurtlardaky zähmet migrantlaryna gönükdirilendigini aýtsalar-da, häzir munuň ýurduň daşynda bilim alýan talyplara hem täsirini ýetrijekdigine meňzeýär.

Galyberse-de, daşary ýurtlardaky türkmen talyplarynyň sessiýa synaglaryny tabşyranyndan soň ýurda dolanmalydygy barada talapdan ozal, türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyndaky talyplardan ýurduň Bilim ministrligine degişli ýerli bilim bölümlerinde hasaba durmak talap edilipdi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ne ýurt resmileri, ne-de döwlet mediasy daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olaryň ýurda gelende diplomlaryny ykrar etdirmekde, iş tapmakda duçar bolýan meseleleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

XS
SM
MD
LG