Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplary ýerli bilim bölümlerinde hasaba alynýar


Türkmen ýaşlary

Okuw maksatly daşary ýurtlara gidýän türkmen talyplaryndan Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli ýerli bilim bölümlerinde hasaba durmak talap edilýär.

Türkmenistan barada täzelikleri çap edýän “Atavatan Türkmenistan” websaýty Türkmenistanyň Bilim ministrligine salgylanyp, daşary ýurtlara okamaga gidýän türkmen talyplarynyň özlerini hemişe ýaşaýan welaýatynyň Baş bilim müdirliklerinde we etrap bilim bölümlerinde hasaba aldyrmalydygyny ýazýar.

Maglumatda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň bolsa, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginde hasaba alynýandygy aýdylyp, daşary ýurtlarda okamaga gidýän täze studentlerden we öň okuwyny dowam etdirýänlerden aşakdaky resminamalaryň talap edilýändigi bellenilýär.

Daşary ýurtda okuwa başlajak türkmen studentleri hasaba durmak üçin, ýerli bilim müdirliklerine baranda, öz ýany bilen çakylyk hatynyň, wizasynyň nusgalaryny, raýat pasportyny, daşary ýurda gitmek we gelmek üçin pasportyny we nusgalaryny alyp barmaly.

Daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda öň okuwyny dowam edýänlerden talyp şahadatnamasy we onuň nusgasy, raýat pasporty, daşary ýurda gitmek we gelmek üçin pasporty we olaryň nusgalary talap edilýär.

Bu talap we onuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Emma Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligindäki Daşary ýurtlar bilen aragatnaşyk bölümi bilen habarlaşanda, jogapkär resmiler bu talabyň öňden hem bardygyny, ýöne häzir munuň resminama esasynda düzgünleşdirilendigini aýtdylar.

Şeýle-de, adynyň efirde agzalmazlygyny soran resmiler bu talabyň sebäplerini, daşary ýurtlarda 2010-njy ýylda Gyrgyzystanda bolan protestler ýaly wakalar bolanda, türkmen studentlerini öz wagtynda ýurda getirmek üçin edilýän tagallanyň bir bölegi diýip düşündirdiler.

Galyberse-de, olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, raýatlaryň ýurduň banklary arkaly daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna belli möçberde maliýe serişdesini ugratmagyna rugsat edilýändigini ýatladyp, bu meselede galplyk bolmazlygy üçin, “beýleki döwlet gulluklary bilen arkalaşykly işleýändiklerini” aýtdylar. Ýöne olar gürrüňi edilýän “beýleki döwlet gulluklaryny” aýdyňlaşdyrmakdan saklandylar.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bu çäräni Türkmenistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň nirededigini we näme edýändigini bilmek üçin edýän hereketleriniň biri diýip düşündirýärler.

Türkmenistanda daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň şahsy maglumatlaryny we olaryň dokumentleriniň nusgasyny ýygnamak işleri mundan ozal hem birnäçe gezek geçirilipdi.

Geçen ýylyň mart aýynda Aşgabatda çagalary ýa-da beýleki bir maşgala agzasy daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän adamlar polisiýa departamentine çagyrylyp, soraga çekilipdiler.

Şonda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlar polisiýa resmileriniň özlerinden Türkmenistanyň daşyndaky maşgala agzalary barada käbir resminamalary tabşyrmagy talap edendigini gürrüň beripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG