Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häzirki Merkezi Aziýa sammitiniň tapawutlylyklary


(çepden saga:) Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew, täjik prezidenti Emomali Rahmon we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew.
(çepden saga:) Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew, täjik prezidenti Emomali Rahmon we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň paýtagty Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň, 20 ýylyň dowamyndaky ilkinji sammiti geçýär.

Häzirki güne çenli, Merkezi Aziýa ýurtlarynda onçakly köp sammit hem bolmandy. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan garaşsyz döwletleri emele gelenden soň, şeýle duşuşyklaryň diňe başisi geçirilipdi.

Mundanam başga, 2009-njy ýylyň 28-nji aprelinde Aral deňizi boýunça sammit bolupdy. Emma onuň dowamynda, diňe bir mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Astanada geçirilýän gepleşikleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammitleriniň arasynda iň şowly hem täsirli bolmagyna hem garaşylýar.

Häzirki güne çenli, Merkezi Aziýa sammitleriniň ilkinjisiniň iň netijeli sammit bolandygy aýdylýar.

Aşgabat 1991

Gazagysanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Askar Akaýew, Täjigistanyň prezidenti Rahmon Nabiýew, Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow 1991-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Aşgabatda duşuşypdylar. Şonda diňe: “mundan beýläk näme etmeli?” diýen soragyň üstünde duruldy.

1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Belarusda Belowežskiý Ylalaşygy baglaşylyp, onda Sowet Soýuzyny dargadyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny döretmek barada ylalaşylypdy. Şol duşuşyga Merkezi Aziýa liderleriniň hiç biri çagyrylmandy.

Merkezi Aziýa liderleri GDA goşulmak kararyna geldiler. Aslynda, olaryň saýlar ýaly köp mümkinçiligi hem ýokdy. Täze peýda bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ne öz armiýasy, ne-de daşary ýurtlar bilen söwda ylalaşyklary bardy. Täze döwletlerde Moskwanyň göni görkezmesi bolmazdan, özüni özbaşdak dolandyrmak tejribesi hem ýokdy.

GDA goşulmak bäş prezidentiň aňsatlyk we biragyzdan goldan soňky ylalaşygy bolsa gerek.

Daşkent 1993, Daşoguz 1995

1993-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Daşkentde geçirilen sammitde, regional hyzmatdaşlygy döretmek maksat edilen bolsa-da, bu ugurdaky meýiller puja çykdy. Muňa birinjiden, Täjigistandaky graždanlyk urşy we täjik hökümetine nähili hemaýat berilmelidigi bardaky pikir çaprazlygy; ikinjiden, Aşgabadyň bitaraplyk syýasatyny öňe sürüp, beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen has içgin gatnaşyklardan çetde durmagy sebäp boldy.

1995-nji ýylyň 3-nji martynda bäş döwletiň wekilleri Daşoguzda duşuşdylar. Gepleşiklerden soň ýaýradylan beýanatdan çen tutulsa, onda sammitde aglaba döwletleriň halkara guramalaryna agzalygy we BMG-niň Aral deňzini halas etmek boýunça tagallalaryna goldawy beýan edilipdir.

Türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow ilkinji Merkezi Aziýa sammitine ýolbaşçylyk edýär. 1991-nji ýyl.
Türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow ilkinji Merkezi Aziýa sammitine ýolbaşçylyk edýär. 1991-nji ýyl.

Aşgabat 1998, 1999

1998-nji ýylyň 5-6-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilen duşuşyk, sammitleriň iň täsini bolsa gerek. Bu sammitde maslahat edilmeli meseleleriň gün tertibiniň asla ýokdugy ýaly bolup göründi. Soňky pursada çenli sammit barada hiç ýerde bildiriş hem edilmändi.

Sammit ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçdi. Resmi mediada gazak, gyrgyz, täjik we özbek prezidentleriniň 1997-nji ýylyň sentýabrynda ýüreginden operasiýa edilen Saparmyrat Nyýazowa sag-aman aýaga galmagyny arzuw edendigi bellenildi.

Sammitde anyk nämeleriň gürrüň edilendigi barada köp maglumat ýok. Emma syzyp çykan käbir maglumatlara görä, gazak, gyrgyz, täjik we özbek liderleri türkmen tarapyny Merkezi Aziýa Ykdysady Bileleşigine goşulmaga çagyrypdyrlar. Emma Türkmenistan özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp, bu topara goşulmandyr.

Başga bir maglumata görä, özbek prezidenti Kerimow we gyrgyz prezidenti Akaýew türkmen liderini Türkmenistanyň üstünden geçýän owgan neşeleriniň öňüni almakda ýeterlik tagalla etmeýänlikde tankytlapdyrlar.

1999-njy ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen nobatdaky sammite çenli käbir ýagdaýlar düýpgöter üýtgäpdi.

Täjik we özbek liderleri dürli meseleler boýunça birek-biregini aýyplaýardylar.

“Talyban” Merkezi Aziýanyň serhedine geldi. Nazarbaýew, Akaýew, Rahmon we Kerimow yslam ekstremizmine garşy göreşmek boýunça regional hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak isläpdiler.

Türkmenistan bolsa öz bitaraplyk syýasatyny öňe sürüp, “Talybany” özüne howp saýmaýardy.

Astana 2018

Türkmen prezidenti bu sammite gatnaşmagyň deregine, Kuweýte we Birleşen Arap Emirliklerine gitdi. Berdimuhamedow bu sammitde goňşy ýurtlar bilen gaz geçirijileri we elektrik liniýalary barada gürrüň edip bilerdi.

Türkmenistan prezidentiň deregine, bu sammite parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewany ýollady.

Astanadaky sammit uly bir çäre. 1990-njy ýyllarda duşuşan liderleriň diňe ikisi häzir hem häkimiýet başynda. Iň esasysy hem, Özbegistanda täze lider bar. Prezident Şawkat Mirziýoýew Yslam Kerimowdan tapawutlylykda, regional hyzmatdaşlyga has köp ýykgyn edýär.

- Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişlidir.

XS
SM
MD
LG