Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýokary derejeli duşuşyga öz deregine ogly Serdary ýollady


Serdar Berdimuhamedow (çepde) gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirýär. 15-nji mart, 2018 ý.
Serdar Berdimuhamedow (çepde) gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirýär. 15-nji mart, 2018 ý.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Astanada geçen ýokary derejeli sammitine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşman, muňa derek, ol duşuşyga öz ogly – Serdary ýollady.

Читайте также на русском

Ýeri gelende bellesek, 15-16- njy mart aralygynda Gazagystanda geçen bu sammite Türkmenistandan beýleki ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň ählisi, ýagny gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew, täjik prezidenti Emomali Rahmon we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar.

Geçen hepde türkmen mediasy bu sammite mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň ýollanjakdygyny habar berse-de, türkmen wekilýetiniň düzüminde mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň hem bardygy barada hiç zat aýtmady.

Sammitiň çäginde, 15-nji martda Serdar Berdimuhamedow gazak prezidenti bilen ikiçäk ýagdaýda duşuşyk geçirdi. Bellemeli ýeri, türkmen delegasiýasyna ýolbaşçy bolup giden Akja Nurberdiýewa bilen Nursoltan Nazarbaýewiň arasynda hiç hili duşuşyk geçirilmedi.

Gazak prezidentiniň metbugat edarasynyň penşenbe güni giçlik ýaýradan beýanatyna görä, Nazarbaýew iki ýurduň arasyndaky dialogyň berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň möhümdigini belläpdir. Serdar bolsa, öz prezident kakasynyň gazak liderine ýollan “şahsy ýüzlenmesini” ýetiripdir.

Astanadaky sammitde Serdar Berdimuhamedow mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň gapdalynda otyr.
Astanadaky sammitde Serdar Berdimuhamedow mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewanyň gapdalynda otyr.

Serdar Berdimuhamedowyň gürrüňi gidýän ýokary derejeli regional sammite gatnaşmagy bilen baglylykda, göze ilýän ýene bir ýagdaý bar. Ýagny, tegelek stoluň başynda geçirilen umumy gepleşiklerde, beýleki döwlet liderleriniň ýanynda daşary işler ministrleri, ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri oturan bolsa, Akja Nuberdiýewanyň gapdalynda Serdar ýerleşdi. Şol bir wagtda, onuň prezidentiň ogly bolmakdan özge nähilidir bir bitiren işi barada maglumat berilmeýär.

Mundanam başga, sammite gatnaşan döwletleriň liderleriniň düşen umumy suratynda, Türkmenistanyň hiç bir wekili ýok. Ýagny, Merkezi Aziýa döwletleriniň baýdaklarynyň her biriniň öňünde degişli ýurduň prezidenti duran bolsa, suratda türkmen baýdagynyň öňünde hiç kim ýok.

Türkmen badagynyň öňünde türkmenistanly wekil ýok.
Türkmen badagynyň öňünde türkmenistanly wekil ýok.

1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabatda doglan, 37 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýyldan başlap, ýurduň syýasy durmuşynda has aktiw rol oýnap başlady. Ol şol ýylyň noýabrynda deputat saýlanyp, geçen ýylyň martynda bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlandy.

Serdar daşary ýurtly, hususan-da, Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy. Adatça, diňe prezidentiň saparlary barada maglumat berýän türkmen mediasynda, bu ýokary derejeli döwletara duşuşyklary barada, aýratyn reportažlar hem taýýarlandy.

Berdimuhamedowyň ogly - Serdar mirasdüşermi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:24 0:00

Geçen ýylyň aýagynda Serdar Berdimuhamedowa öz atasy “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal gowşurylyp, oňa podpolkownik harby derejesi hem berildi. Bu medal ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berilýär. Şeýle-de, Serdara mundan öň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at hem dakylypdy.

Mundanam başga, soňky döwür Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident kakasy bilen ýurduň mediasynda-da has köp peýda bolup başlady. Döwlet mediasy indi Serdary gönümel “döwlet baştutanymyzyň ogly”, “liderimiziň ogly” diýip tanyşdyrýar.

Galyberse-de, Serdar prezident kakasyndan ylgaw ýaryşlarynda estafeta taýajygyny alýar, onuň bilen birlikde “Miras” atly atda hem gezelenje çykýar.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan ekspertler häzirki ýagdaýlardan çen tutulsa, onda Berdimuhamedowyň ogly – Serdara mirasdüşer hökmünde garalýandygyny aýdyp boljakdygyny belleýärler.

Aşakda Serdar Berimuhamedowyň resmi terjimehalyny getirýäris:

1987-1997- nji ýyllarda Aşgabatdaky 43-nji orta mekdepde okady, 1997-2001- nji ýyllarda S.A. Nyýazow adayndaky Türkmen oba hojalyk uniwersietinde okady we ony inžener-tennolog hünäri boýunça tamamlady;

2001-nji ýylyň iýul-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi, 2001-2003- nji ýyllarda harby gullukda boldy;

2003-208- nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe, gök, ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz, piwe we çakyrçylyk senagaty boýunça esasy bölümiň baş hünärmeni bolup işlerdi;

2008-2011- nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklary boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady, şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi;

2011-2013- nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we Ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady, şol ýyllarda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisiniň wezipesinde işledi;

2013-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň DIM-niň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi;

2013-2016- njy ýyllarda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary bolup işledi;

2016-2017- nji ýyllarda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipesinde işledi;

2017-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyşynyň deputaty, maşgalaly, dört çagasy bar.

XS
SM
MD
LG