Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Putin Britaniýadan çykarylan 23 orsýet dipolmaty bilen duşuşmagy planlaşdyrmaýar


Adamlar Orsýetiň Britaniýadaky ilçihanasyny terk edýärler, London, 20-nji mart, 2018

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Britaniýada orsýetli öňki gizlin agentiň zäherlenmegi bilen baglylykda London tarapyndan ýurtdan çykarylan 23 sany orsýet diplomaty bilen duşuşmagy planlaşdyrmaýar diýip Kremliň metbugat wekili aýtdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Meý tarapyndan içalyçylar diýlip atlandyrylan orsýet diplomatlaryna Beýik Britaniýany terk etmek üçin bir hepde berlipdi we olaryň Moskwa 20-nji martda gitmegine garaşylýandygy aýdylypdy.

Britaniýa we onuň ýaranlary 4-nji martda Salisburi şäherinde 66 ýaşly Sergeý Skipalyň we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykmagynda Orsýeti aýypladylar. Orsýet aýyplamalary ret etdi.

Diplomatik belgili üç sany awtobus irden Orsýetiň Londondaky ilçihanasyny terk etdi diýip, Reuters agentligi habar berdi.

Diplomatlary we olary maşgala agzalaryny alyp barýan awtobuslar ilçihanadan aeroporta ugranda Orsýetiň gimni berjaý edildi diýip, Orsýetiň döwlet habar agentligi TASS habar berdi.

“Putiniň iş tertibinde olar bilen duşuşmak göz öňünde tutulmaýar” diýip, Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG