Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa Aşgabatda reýd geçirýär; 'Mir' etrapçasynda pilotsyz uçýan enjam gaçdy


Aşgabadyň "Mir" etrapçasy
Aşgabadyň "Mir" etrapçasy

Nowruz baýramçylygynyň bosagasynda Aşgabadyň polisiýasy paýtagtyň birnäçe etrabynda reýd geçirýär.

Читайте также на русском

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, birnäçe polisiýa ulagynyň gatnaşmagynaky reýd çäreleri paýtagtyň Mir 1-2-3 we Mir 4 etrapçalarynda Nowruz baýramçylygynyň bosagasynda, ýagny 21-nji marta geçilen gije başlap, agzalýan çäreler 21-nji martda günortan çagy şu maglumat taýýarlanýan wagty hem dowam edýän ekeni.

“Polisiýanyň ulaglary çyralaryny we sirenalaryny ýakyp jaýlaryň ýanynda park edilen ulaglary ulag parkyna geçirmegi talap etdiler. Adamlar şeýle ýagdaýyň haçan-da prezidentiň şäheriň üstünden dikuçarlary uçmagyndan öň edilýän çäredigini bilýär. Sirenalaryň galmagaly tutuş gije we ir ertir adamlary ynjalyksyzlandyrdy” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, köpsanly patrul kiçi etrapçalarda nobatçylyk edýär, olaryň käbiri 6 sagatdan wagtdan bäri şol ýerde dur, gözegçiligi saklaýan patrullar prezidentiň dikuçarynyň uçjakdygyny tassyklady.

20-nji martda agşamara Azatlyk paýtagtyň Mir etrapçasynda uçarmansyz uçýan enjamyň ýere gaçandygyny habar berdi. Azatlygyň habarçysynyň gürrüň bermegine görä, agzalýan dron şähere ýokardan gözegçilik uçuşyny amala aşyrýan ekeni. Azatlyk uçarmansyz enjamyň näme sebäpden ýere gaçandygyny heniz anyklap bilmedi.

Biziň habarçymyzyň gürrüň bermegine görä Aşgabatda dron uçary 20-nji mart güni ýerli wagt bilen agşam sagat 20:45 töwereklerinde ýere gaçdy.

Azatlygyň habarçysy özüniň goh-galmagal eşidendigini, şondan soň çyralaryny ýandyryp-söndürýän polisiýa ulaglarynyň etrapçada peýda bolup uçýan enjamy gözläp başlandygyny gürrüň berdi.

Habarçymyzyň polisiýa gulluklaryndaky çeşmesi dronuň ýere gaçandygyny, adatda şol enjamyň agzalýan etrapda wideo gözegçiligi amala aşyrýandygy tassyklady.

“Polisiýa ulaglary çyralaryny ýakyp aýlanyşyp ýördi, meniň özüm diňe goh sesini eşitdim. Ýöne meniň tanyşlarymam uçýan enjamyň ýokardan gaçandygyny tassykladylar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Şäheriň depesinde wideo gözegçiligiň näme sebäpden amala aşyrylýandygy dessine mälim bolmady. Ýöne görnüşinden prezidentiň dikuçarly saparynyň öňýany şu etrapda şeýle dronlar uçurylýar.

Dronlaryň wideo gözegçilik maksady bilen Türkmenistanyň paýtagtynyň howa giňişliginde uçýandygy şu wagta çenli mälim däldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtda yzygiderli dikuçarly saparlary amala aşyrýar.

Mir-1 etrapçasy Türkmenistanyň paýtagtynyň merkezinde ýerleşýär. Aşgabadyň bu etrabynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Serhet gullugynyň akademiýasynyň binasy ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG