Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çehiýadaky himiki desgada bolan partlamada azyndan alty adam öldi


Çehiýa respublikasynyň polisiýa işgärleri. Illýustrasiýa suraty

Çehiýa respublikasynyň Kralupy nad Wltawou şäherçesindäki himiki desgada bolan partlamada azyndan alty adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

Regionyň ýangyna garşy göreş gullugynyň metbugat wekili Wladimira Kerekowanyň aýtmagyna görä, 22-nji martda Praganyň 30 kilometr demirgazygynda bolan partlamada alty adam öldi we baga-da birnäçesi agyr ýaralandy.

Ýangyna garşy göreş gullugynyň ýene bir metbugat wekili Petr Swoboda wakanyň bolan ýerinde başga partlamanyň bolmak howpunyň ýokdugyny aýdyp, ýaralananlaryň iki sanysynyň keselhana ýerleşdirilendigini belledi.

Kralupy nad Wltawou şäherçesiniň häkimi Petr Holeçek çeh telewideniýesine beren maglumatynda “Synthos” himiki desgasynda nämälim maddaly tankyň partlandygyny aýtdy.

Çehiýanyň polisiýasy partlamanyň bolan ýerinde ulag gatnawynyň wagtlaýyn çäklendirilendigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG