Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kemerowo: Müňlerçe adam protest geçirdi, Putin 'günäkärleri jezalandyrmagy' wada berdi


Müňlerçe adam Sibiriň Kemerowo şäherinde protest geçirdi, 27-nji mart, 2018 ý.

Mähelleli söwda merkezinde dörän, köpüsi çagalardan ybarat 64 adamyň başyna ýeten ýangyn sebäpli Orsýetiň Kemerowo şäherinde müňlerçe adam protest geçirip, muňa jogap we regionyň gubernatorynyň iş başyndan çekilmegini talap etdiler.

Birnäçe ýüzden ybarat märekä sanlyja salymyň içinde müňlerçe adam goşulyp, şäheriň merkezi meýdançasyny doldurdylar. 27-nji martda bu ýere sapar eden prezident Wladimir Putin bolan pajyga barada beren ilkinji beýanatynda, jogapkärleri jezalandyrmagy wada etdi.

“Korrupsiýa öldürýär” we “iş başyndan çekil”, “hakykaty aýt” diýen şygarlar astynda geçirilen protestlerde adamlar 25-nji martda öýleden soň söwda merkezinde bolan maşgalalaryň başyna ýeten ýangynda öldi diýlip berlen resmi sanlary sorag astyna aldylar.

Demonstrantlar regionyň guberantory Aman Tuleýewiň wezipe başyndan çetleşdirilmegini we Putin bilen duşuşyk geçirmegi talap etdiler. Putin bir hepde mundan ozal 77 prosente golaý ses bilen öz hökümdarlygyny ýene alty ýyl uzaltdy.

Bir plakatda Putiniň we 1997-nji ýyldan bäri merkezi Sibirdäki regionyň gubernatory bolan Tuleýewiň tussag astyna alynmagy talap edildi.

Garyndaşlary tarapyndan döredilen merkezde ýerleşdirilen sanawda ölenleriň arasynda 41 çaganyň bardygy aýdylýar.

Ölenler barada berlen sanawa reaksiýa görkezmedik Putin 26-njy martda, ondan bir gün öň Kreml tarapyndan berlen gysgaça beýanatdan soň Kemerowo sapar edip, söwda merkeziniň daşynda gyssagly döredilen ýadygärlikde gül goýdy.

Putin gaharly ilatyň sözlerini gaýtalap, bolan pajygada “jenaýatçylykly geleňsizligi” ýazgaryp, jogapkär tapylanlary jezalandyrmagy wada etdi.

Ol sebitiň ýokary derejeli resmileri bilen geçiren we telewideniýede görkezilen duşuşykda: “Bolýan zatlar näme? Bu bir söweş operasiýasy däl, garaşylmadyk ýagdaýda bir magdan käninden metan gazynyň syzyp çykmagy däl. Adamlar bu ýere dynç almaga gelýär, çagalar gelýär” diýdi.

“Biz demografiýa barada gürleýäris, onsoň köp adamlary ýitirýäris – näme üçin? Sebäbi jenaýatçylykly geleňsizlik we hapysalyk” diýip, Putin aýtdy.

Soňra bir topar ýerli ilat, şol sanda ýangynda ölenleriň garyndaşlary bilen duşuşan Putin: “Şübhe etmäň, günäkärleriň hemmesi jezalandyrylar” diýdi.

Ol bu ýerde ýüzden agdyk derňewçi bar, olara Federal derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin ýolbaşçylyk edýär diýdi.

Putin ýangynda ýaralanyp, keselhana düşen adamlaryň-da ýanyna bardy, ýöne ol regional hökümet jaýynyň öňündäki meýdança ýygnana müňlerçe protestçi bilen duşuşmady.

Sebitiň gubernatorynyň orunbasary Sergeý Siwilýow we Wladimir Çernow, şeýle hem Kemerowonyň meri Ilýa Seredýuk jaýdan çykyp, adamlary ýagdaý we derňew işleriniň gidişi bilen habarly edip durmagy wada etdiler.

Putiniň resmiler bilen geçiren duşuşygyndan alnan wideoda Tuleýewiň protestçileriň sany “takmynan 200”, olar “ölenleriň garyndaşlary däl, hemişelik bozgaklar” diýýäni eşidilýär.

Rim papasy 26-njy martda bir telegramma iberip, özünüň pida çekenler we olaryň maşgalalary üçin doga edýändigini aýtdy. Şolar ýaly beýanatlar Braziliýadan, Hytaýdan we Sergeý Skripal bilen onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi sebäpli Orsýetiň 100-den agdyk diplomatyny ýurtdan çykaran Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan we Birleşen Ştatlardan-da geldi.

Ölenleriň sany barada 26-njy martdan bäri häkimiýetler tarapyndan çykarylan maglumat bolmasa-da, ýangynda 68 adamyň ýaralanyp keselhana düşendigi aýdylýar. Bularyň 15-i çagalar.

Ors derňewçileriniň 26-njy martda aýtmagyna görä, söwda merkezinde howpsuzlyk düzgünleriniň “mese-mälim bozulan ýerleri” bar. Olar bu barada ýangyn üçin göz öňünde tutulan çykalgalaryň ýapyk bolandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň derňew komitetiniň metbugat wekili Swetlana Petronko bu agyr netijelere getireniň düzgün bozulmalardygyny derňewçileriň eýýäm ýüze çykarandygyny aýtdy.

Pajygaly ýangyn sosial mediada orslaryň we daşary ýurtlularyň raýdaşlyk we gynanç bildirmegine getirdi. Kemerowodan alnan bir suratda, onlarça adamyň gan bermek üçin, nobata durandygy görünýär.

Adam ýitgilerine geleňsiz, harajady kemeltmek, korrupsiýa we howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy sebäp edilýär. Orsýetde ýangynda ölýänleriň sany Günbatar ýurtlaryndakydan has ýokary.

Halkara ýangyn we halas ediş assosiasiýanyň bildirmegine görä, 2014-nji ýylda Orsýetde 10068 adam ýangyndan ölen bolsa, ilatynyň sany Orsýetiň tas iki essesi bolan Birleşen Ştatlarda ölenleriň sany 3275.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG