Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bugaýew: Pagtaçy daýhanlar 9 aýlyk daban azabynyň netijesinde ortaça 1 müň manat, ýa-da 75 dollar gazanýar


Pagta

Şu ýyl Türkmenistanyň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda howa şertleri sebäpli 28-nji martda gowaça ekişine badalga berilýär. Bu barada Türkmenistanyň ministler kabinetiniň 9-njy martda geçiren hökümet maslahatynda karar kabul edildi.

Ýerli synçylar Türkmenistanyň oba-hojalyk pudagynyň pagtaçylyk sektorynda bärden gaýtmalara ýol berilýändigini, ýurtda pagtaçy daýhanlar üçin oňaýly şertleriň henizem doly döredilmändigini belleýärler.

Agzalýan mesele bilen bagly Azatlyk Radiosy ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Gürrüňdeşligiň başynda söhbetdeşimiz gowaça ekişine girişen welaýatlar barada maglumat berip, şu ýyl ýurtda jemi 545 müň gektar ýerden pagta hasylynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Gowaça ekilmeli 545 müň gektarlyk ýer ýurduň dört welaýatynyň, ýagny Ahal , Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň arasynda paýlaşdyrylýar. Gürrüňdeşimiziň bellemegine görä, ýurduň günbatar welaýatynda soňky 6-7 ýyldan bäri giň gerimde pagtaçylyk bilen meşgullanylmaýar.

Gürrüňe daýhanlara ýagşy dileg edip dowam edenaşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew ýurduň pagtaçylyk pudagyndaky nogsanlyklara we bärden gaýtmalara ünsi çekdi.

Plan borçnamalary

“Ozaly bilen, müňde bir ynam bilen ýere tohum oklaýan babadaýhanlarymyza “azabyň reýgan bolmasyn!”, “tohumyň müňlesin!” diýip ýagşy dilegler edeliň! Men böwrüňi diňledýän käbir zatlar hakda gürrüň etmekçi. Böwrüňi diňledýän ilkinji zat – daýhana plan borçnamasynyň berilmegidir” diýip, Bugaýew daýhanlary bökdeýän wawwaly meseleleriň özenini gozgap gürrüňe dowam etdi.

9-njy martda geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde 545 müň gektar ýerden türkmen daýhany 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamaly edildi.

Plan borçnamalarynyň Sowet döwrüniň sosialist galyndysydygyny aýdan ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýyň ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklarynyň şertlerine kybap gelmeýändigini nygtady.

“Plan borçnama orta düşýän bolsa onda ýurt entek ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmedigi bolup çykýar. Ýurt häzirem sosialistik jemgyýetçilik formasiýasyndaky ýaly, ýagny SSSR zamanasyndaky ýaly ykdysady düzgünler bilen işleýär. Ähli babatda bolmanda-da gowaça ekişi we pagta hasylynyň ýygnalyşy bilen baglylykda munuň şeýledigini ynamly tassyk etse bolýar” diýip, Bugaýew belledi.

Ujypsyz töleg

545 müň gektarlyk ýerden 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamaga borçlandyrylan daýhanlaryň her gektar başyna almaly hasylyny hasaplan ýerli synçy Bugaýew daýhanlaryň 1 gektardan ortaça 1 müň 925 kilogram pagta ýygnaýandygyny, şeýle-de döwletiň 1 kilogram pagta üçin daýhana 1 manat 6 teňňe töleýändigini “gynançly ýagdaý” diýip gürrüň berdi:

“Esasan-da daýhany hem-de daýhanyň zähmetine baha berýän adamlary ynjalykdan düşürýän bir ýagdaý bar, ýagny döwlet kärendeçiden 1 kilogram pagtany 1 manat 6 teňňeden satyn alýar. Aýdaly kärendeçi plan borçnamany dolan bolsa, ýagny 1 gektardan 1 müň 925 kilogram pagta hasylyny ýygnan bolsa şol pagta üçin kärendeçi döwletden 2 müň 40 manat pul almaly. Ýöne 2 müň 40 manat lükgeligine daýhanyň eline düşmeýär” diýip, Bugaýew daýhanyň agzalýan mukdaryň ujundan tehniki hyzmatlar üçin, tohum üçin, dökün üçin, suw üçin, bank hyzmatlary üçin, tölegleri tölemeli bolýandygyny, mundan daşgary obany abadanlaşdyrmak üçin, hatda polisiýany, daýhan birleşikleriň ýolbaşçylaryny saklamak üçinem daýhanlaryň alýan girdejileriniň ujundan salgyt tölemeli bolýandygyny gürrüň berdi.

Aýdylýanlara goşmaça hökmünde daýhanlaryň alýan ýyllyk girdejileriniň ujundan girdeji salgydyny tölemeli bolýandygyny, şeýlelikde 1 gektarlyk ýerden ýygnalan takmynan 2 tonnalyk pagta hasylyndan alynmaly ortaça 2 müň 40 manatlyk girdejiniň ýarysynyň, belki-de ýarymdan az mukdarynyň daýhanyň eline gelip gowuşýandygyny synçy Bugaýew gürrüň berdi.

“Uzyn gepiň gysgasy, öňde agzan 2 müň 40 manadymyzyň bolup bilse ýarysy, belki-de ýarysyndan azy planyny dolan daýhanyň eline düşýär” diýip, Bugaýew belledi.

Şeýle-de, söhbetdeşimiz daýhanyň 1 gektarlyk pagta meýdanyndan 9 aýlyk azabynyň netijesinde eline alýan ortaça 1 müň 20 manadynyň dollaryň “gara bazardaky” bahasyndan hasaplanan-da takmynan 75 amerikan dollaryna barabar bolýandygyny gürrüň berdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalary Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmediň ulanylýandygyny aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan dünýäde pagta öndürmekde 9-njy ýerde, ony eksport etmekde 7-nji ýerde durýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistanda agzalýan şertlerde daýhanyň 1 sany I-Phone mobil enjamynyň soňky wersiýasyny satyn alyp bilmegi üçin takmynan 18-20 tonna pagta hasylyny döwlete tabşyrmaly bolýar.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG