Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetde Kemerowoda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi


Russiýada wakanyň bolan ýerinde aglaýan zenanlar

Orsýetde 28-nji martda Kemerowo şäherindäki ýangynda wepat bolanlaryň hatyrasyna matam güni yglan edildi.

Kemerowo şäheriniň “Zimnýaýa wişnýa” atly uly söwda merkezinde 25-nji martda bolan ýangynda wepat bolan adamlaryň jaýlanyş çäreleri başlandy.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Wladlen Aksýonow 28-nji martda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, ýitirm bolan adamlar barada başga ýüzlenmeleriň bolmandygyny we munuň netijesinde wepat bolanlaryň umumy sanynyň 64 adamdan ybaratdygyny we olaryň köpüsiniň çagalardygyny aýtdy.

“Zimnýaýa wişnýa söwda merkezinde wepat bolan 64 adamyň sany tassyklandy” diýip, Aksýonow ýaralananlaryň sanynyň 76 adama çenli köpelendigini we olardan 25 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Häkimiýetler şahsyýeti anyklanan 27 adamdan 13-siniň çagalardygyny habar berip, DNK barlaglarynyň esasynda geçirilýän anyklaýyş işleriniň iki hepdä çekmeginiň ähtimaldygyny mälim etdiler.

Şeýle-de, Russiýanyň häkimiýetleri şahsyýeti anyklanan 21 adamyň jesedini jaýlamak üçin garyndaşlaryna berlendigini aýtdylar.

Agarkow maşgalasynyň üç agzasy – ene we iki agtygy – bir mazarda jaýlandy. Şäheriň üç kilisesinde jynaza çäreleri dowam edýär. 28-nji martda ýerli häkimiýetler azyndan 13 pidanyň jynaza çäresi barada habar berdiler.

Ýurduň dürli künjünde müňlerçe adam gül desseleri we oýunjaklar bilen pajygaly hadysada wepat bolanlary hatyralaýar. Prezident Wladimir Putin 28-nji marty ählihalk matam güni yglan etdi.

27-nji martda müňlerçe adam Kemerowo şäheriniň köçelerine çykyp, derňew geçirmegi we regionyň gubernatory Aman Tuleýewiň wezipeden çetleşdirilmegini talap etdiler.

Tuleýew wezipeden çetleşdirilmedi, ýöne Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti we TASS habar gulluklary özleriniň anonim çeşmelerine salgylanyp, gubernatoryň öz orunbasary Alekseý Zelenini we administrasiýanyň ýokary derejeli resmisi Nina Lopatinany wezipeden boşadandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Kemerowanyň sudy ýangyn dörän söwda merkeziň eýesi Nadežda Suddenogyň diňlenişikden öň iki aý möhlet bilen tussaglyga höküm etdi. Bu möhletiň uzaldylmagy mümkin.

Kemerowodaky nägilelik çärelerine gatnaşýan protestçiler “Korrupsiýa jan alýar!” “Wezipeden çekil!” we “Hakykaty aýt!” diýen sözler ýazylan plakatlary göterip demonstrasiýalara gatnaşýarlar. Protestçileriň köpüsi ýangynda wepat bolanlaryň sany boýunça resmileriň berýän maglumatlaryna şübheli garaýar.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 28-nji martda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Kemerowonyň häkimiýetleriniň demonstrantlaryň talaplaryna berýän jogaby barada kommentariý bermekden saklandy.

“Derňew dowam edýär, şol sebäpden hadysa boýunça islendik maglumata edil häzirki wagtda ynamly çemeleşmek dogry bolmaz” diýip, Peskow belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG