Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pannier: Rohaniniň Aşgabada edýän saparynda energiýa meseleleri gepleşikleriň güntertibinde bolmaly


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuamedow
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuamedow

27-28- nji mart aralygynda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistana resmi sapary amala aşyrýar. Türkmenistanyň resmi metbugatynda iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda netijeli gepleşikleriň geçirilýändigi aýdylýar.

Rohaniniň Türkmenistana edýän sapary barada, Azatlyk Radiosy Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Pannier bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Türkmenistana edýän resmi saparynyň netijelerinden nämä garaşmaly?

Brýus Pannier: Taraplaryň ikisi-de şol bir meseleleriň çözgüdini isleýär. Saparyň dowamynda Rohaniniň gozgajak ilkinji mesele; Hazar deňziniň kanuny statusy we onuň bölünişigidir. Orsýet bu meseläniň üstünde durýar. Lawrow we beýleki käbir orsýetli resmiler bu meseläniň şu ýyl Astanada geçiriljek sammitde çözülmegini isleýär. Rohani Berdimuhamedow bilen geçirýän duşuşyklarynda, şu meseläni maslahatlaşýandyr.

Ikinjiden, Eýran soňky döwürde barha izolirlenýär, ýöne bu sapar ony üzňeleşdirýänler Günbatar ýurtlary däl-de, arap ýurtlarydyr. Habarlarda-da aýdylyşy ýaly, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda dürli meselelerde biri-birine çapraz pikirler bar. Üstesine, bu ýagdaý diňe bir Saud Arabystanynyň gatnaşmagynda däl, eýsem beýleki arap ýurtlarynyň gatnaşmagynda-da bolup geçýär. Mundan ozal, haçan-da, Günbataryň Eýrana garşy girizen sanksiýalary güýjünde wagty, Eýran Türkmenistana hoşniýetli goňşy hökmünde garaýardy.

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde Eýran özüniň nähili häsiýetlendirilýändigini göz öňünde tutup, eýranly resmiler mümkingadar has köp dosty öz töwereginde jemlemek üçin synanyşýandyr, şol sebäpdenem Rohani dosty Gurbangulynyň ýanyna baryp, “uly meseleler ýüze çykanda, gaýrat edip bizi golda ýa-da iň bolmanda Saud Arabystanyň tarapyny tutma” diýip haýyş edýändir. Mälim bolşy ýaly, Saud Arabystany soňky döwürde Merkezi Aziýa ýurtlaryna aralaşýar.

Azatlyk Radiosy:Saparyň netijelerinden türkmen tarapy nämä garaşýar?

Brýus Pannier: Meniň pikirimçe, Berdimuhamedowyň ýeke-täk isleýän zady Eýrana gaz akdyrmagy dowam etmekdir. Bir ýyldan ep-esli gowrak wagt bäri türkmen gazy Eýrana akmaýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysady gowuşgynsyzlyk dowam edýär. Ozalky şertnamanyň esasynda Eýran Türkmenistana nagt pul tölemeýärdi, oňa derek 3 milliard dollarlyk gaz üçin haryt berýärdi. Ýöne edil häzirki wagtda Türkmenistan haryda-da razydyr.

Eger-de Eýran gaza derek Türkmenistana azyk-haryt ugratmaga isleg bildirse, bu türkmen häkimiýetleri üçin örän täsirli bolardy. Ýöne bu gepleşikler baradaky gürrüňler jemgyýetçilige doly aýan edilmeýäne çalym edýär. Başga meseleler hakda gürrüň edilýär, mysal üçin, Türkmenistandan Eýrana elektrik toguny çekmek ýa-da medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlarda iki ýurduň arasynda şertnama baglaşylandygy aýdylýar, ýöne bu ylalaşyklara soňky ýigrimi ýylyň dowamynda gol çekişmäge mümkinçilik bolandyr. Ýagny görnetin bu ýerde başga meseleler bolaýmaly.

Azatlyk Radiosy:Energiýa meseleleri barada aýdylanda, haçan-da, Türkmenistan 2017-nji ýylyň başynda Eýrana akdyrýan gazyny kesenden bäri, geçen döwrüň dowamynda, iki ýurduň arasynda ozal bar bolan we beýleki ýurtlary öz içine alýan swap, ýagny alyş-çalyş ylalaşygy öz güýjündemidi?

Brýus Pannier: Hawa, agzalýan şol ýagdaý düýbünden üýtgemedi, sebäbi aslynda bu mukdar gaty bir uly däldir. Azerbaýjan mümkinçilik bolanda türkmen gazyny arzan bahadan satyn alyp, öz ýerasty saklawhanalarynda saklaýar. Ýöne, Azerbaýjanyň özünde-de gaz öndürilýär. Ol türkmen gazyny diňe bir özüniňkiniň üstüni doldurmak üçin ulanýar. Bu ýagdaý düýbünden täsirlenmedi.

Ermenistan bilen bagly ýagdaý biraz başgaçarak. Türkmenistan Azerbaýjan bilen ýola goýan swap ylalaşygynyň aýny meňzeşini Ermenistan bilen-de ýola goýjak bolýar. Swap ylalaşygynda, Türkmenistan Eýrana gaz ugradýar, Eýran bolsa kabul eden türkmen gazynyň mukdaryça Azerbaýjana gaz satýar, Türkmenistan gazyň tölegini Azerbaýjandan alýar.

Ermenistan bilen bagly ýagdaýlar-da şeýle bolmaly. Ermenistan gyzyklanýar, ýöne olar satyn aljak bahasyny özleri kesgitläp, 1000 metr kub gaz üçin 140 dollardan artyk töläp bilmejekdigini aýtdylar. Ermenistanyň öňe sürýän teklibi has täsindi, ýagny olaryň teklibine görä, Türkmenistan Eýrana gaz ugratmaly, türkmen gazynyň mukdaryça Eýran Ermenistana gaz satmaly, şeýlelikde Ermenistan hatda türkmenleriň Eýrandan almaly algysynyň öwezini dolmaly.

Eýranyň Türkmenistana tölemeli bergisini Ermenistan nädip tölemegi göz öňünde tutýar, üstesine öz satyn alan gazynyň tölegini tölemeli, bu barada pikirim ýok, ýöne geçen ýylyň aýagynda öňe sürlen teklipde şeýle şertler agzalýardy. Bu aňsat däl, Ermenistana Orsýetem gaz satýar. Bu diýmeklik, Türkmenistan Orsýet bilenem bäsleşmeli bolýar.

Orsýet gazyň bahasyny düşürse, Ermenistanyň türkmen gazyna bolan islegini saklamak üçin, Türkmenistanam bahany düşürmeli bolýar. Galyberse-de, Ermenistan bilen ylalaşygyň başa barmagy üçin, Eýran bilenem ylalaşmaly. Eýran türkmen gazynyň öz üstünden swap arkaly Ermenistana satylmagyna razy bolmaly.

Azatlyk Radiosy:Swap ylalaşygy arkaly Eýran türkmen gazyny Türkiýä akdyrmaga isleg bildirermi? Türkiýe bu tapmaçanyň niresinde?

Brýus Pannier: Aslynda Türkmenistanyň isleýäni şol, ýagny öňi-soňy Türkmenistan swap ylalaşygy esasynda, hususan, Türkiýe bilen gaz söwdasyna isleg bildirýän bolmaly. Türkmenistan öz tebigy gazyny Eýrana ugradyp, soň Eýran öz gaz geçijileri arkaly türkmen gazyny Türkiýä ýa-da has günbatara akdyrmalydy. Türkmenistan şuny teklip edýär.

Aslynda 90-njy ýyllaryň ortalarynda ýurtlar, ýagny Türkmenistan, Eýran we Türkiýe bu meselede tas doly ylalaşygy gazanypdy diýen ýaly. Şu ýagdaýy Türkmenistan geçen ýylyň aýagynda ýene-de gozgady, ýöne bilşimiz ýaly, türkmen-eýran gatnaşyklary çylşyrymly bolansoň, Eýran bu teklibi dessine ret etdi.

Hatda käbir eýranly resmiler bu ugurda Türkmenistany özlerine bäsdeş hökmünde kabul etmek islemeýändigini aýtdylar. Şeýle-de, biz sebitde gaz geçirijileriň logistikasyna ser salanymyzda, TANAP gaz geçirijisiniň esasy eýesi Azerbaýjan bolup durýar. Bu gaz geçiriji esasan Azerbaýjanyň gazyny akdyrmaga niýetlenendir.

Elbetde, gaz geçirijiniň ugurlary ýyllaryň dowamynda giňär, ýöne hatda Eýranyň gazyny bu ulgama akdyryp başlamagy azyndan 7-8 ýyl alar. Eýran soňlugy bilen hatda türkmen gazynyň bu ulgama akdyrylmagyna düýbünden närazydygyny aýdyp biler. Bu ýagdaýda Türkmenistan üçin transhazar gaz geçirijisi has uly ähmiýete eýe bolýar. Şol sebäpden Hazar deňziniň kanuny statusynyň çözülmegi wajypdyr. Rohani bilen Berdimuhamedow şu meseläni özara maslahatlaşandyr, ýöne bu barada jikme-jik maglumat heniz jemgyýetçilige äşgär däl.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy ýakynda türkmen serhetçileriniň Hazar deňzinde eýranly “balykçylara” ot açandygy barada, maglumatlar peýda boldy. Bu hadysa iki ýurduň gatnaşyklaryna nähili täsir eder?

Brýus Pannier: Elbetde! Owaly bilen bu hadysanyň Rohaniniň etjek saparynyň öňýany bolmagy örän geň. Isleseňiz muňa geň tötänlik diýiň. Eýran tarapy atylanlara “balykçy” diýýär, türkmen tarapy olara “neşe gaçakçylary” diýýär. Ýöne bu ýerde ünsi çekýän bir ýagdaý bar, ýagny taraplaryň birek-birege ýüzlenende, ulanan sözleri ünsi çekýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi mundan ozal şeýle ýiti sözleri hiç kime garşy ulanmazdy. Köplenç olar şeýle hadysalara reaksiýa bildirmezdi. Bu sapar olar ýiti jogap berdiler. Bu waka türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýagdaýy barada pikir döredýär.

XS
SM
MD
LG