Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-dan çykmaly edilen rus diplomatlary ýurduna dolandy


Orsýet, sankt-Peterburgdaky amerikan konsullygyndan goşlaryny alyp barýan adam. 30-njy mart, 2018.
Orsýet, sankt-Peterburgdaky amerikan konsullygyndan goşlaryny alyp barýan adam. 30-njy mart, 2018.

Britaniýada zäherlenen öňki içaly bilen baglylykda Birleşen Ştatlardan çykmaly edilen rus diplomatlaryny alyp gaýdan ilkinji uçar Moskwanyň Wnukowo aeroportunda gondy.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy 1-nji aprelde bu uçarda Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasynyň 46 işgäriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýurda dolanyp gelendigini habar berdi.

Seatldäki rus baş konsullygynyň we Orsýetiň BMG-däki missiýasynyň 14 işgärini alyp geljek indiki uçar bolsa Moskwa şu gün giçlik gelmeli.

Birleşen Ştatlar Orsýetiň 60 diplomatynyň ýurtdan çykmagyny we Seatldäki baş konsullygynyň ýapylmagyny buýurdy. Bu çäre ozalky içaly Sergeý Skripal we onuň gyzy Britaniýada nerw agenti hüjümine sezewar edileninden soň, halkara tagallalarynyň çäginde görüldi. Britaniýa 4-nji martda Angliýanyň Salisbury şäherinde guralan hüjümi Orsýetden görýär.

Orsýet Britaniýanyň bu hüjümiň arkasynda bolmak baradaky aýyplamasyny ret etdi we öz diplomatlaryna garşy görlen çärä ABŞ-nyň 60 diplomatyny ýurtdan çykarmak, Sankt-Peterburgdaky amerikan konsullygyny ýapmak buýrugy bilen jogap berdi.

Esasan günbatar ýurtlaryndan bolan 29 ýurt, Britaniýa raýdaşlyk edip, 150 çemesi rus resmisini ýurtdan çykardy, NATO bolsa Belgiýadaky missiýasyndan 10 orsýetlini kowdy.

XS
SM
MD
LG