Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Kosowanyň premýer-ministrine öz resmilerine gören çäresi üçin haýbat atýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Kosowanyň premýer-ministrini Fethulla Gülen hereketi bilen bagly 6 türk raýatyny tussag we deportasiýa eden kosowa resmilerini tankytlandygy üçin tankyt etdi. Türkiýe Fethulla Güleni 2016-njy ýyldaky başa barmadyk döwlet agdarylyşygynda günäleýär.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan 31-nji martda Kosowanyň premýer-ministri Ramuş Haradinaýyň (Ramush Haradinaj) 6 türki özünden rugsatsyz Kosowadan deportasiýa eden içeri işler ministrini we aňtaw gullugynyň başlygyny işden boşatmagyna “gynanandygyny” we onuň munuň “muzduny tölejekdigini” aýtdy.

Haradinaý 31-nji martda döwlet gurluşlarynyň Türkiýäniň 6 raýatyny derňemek, tussag we deportasiýa etmek babatda başlan operasiýasyndan özüniň bihabar bolandygyny aýtdy.

“Meniň Kosowanyň premýer-ministrine soragym bar: sen kimiň görkezmesi esasynda beýle hereket edýärsiň? Sen haçandan bäri Türkiýäniň garşysyna agdarylyşyk synanyşygyny edenleri gorap başladyň?” diýip, Erdogan sorady. Şeýle-de ol Türkiýäniň dünýäde ABŞ-dan soň ikinji ýurt bolup Kosowany ykrar edendigini ýatlatdy.

“Sen Kosowanyň dogan ýurduna – Türkiýä garşy agdarylyşyk synanyşygyny eden adamlary nädip gorap bilýärsiň? Sen munuň üçin jogap berersiň!” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG