Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabuldaky bomba hüjüminde alty esger ýaralandy


Illýustrasiýa suraty

Kabulda bolan bomba hüjüminde alty owgan esgeri ýeňil ýaralandy diýip, Owganystanyň Goranmak ministrligi aýdýar.

Ministrligiň beýanatynda 4-nji aprelde Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary geçip barýan mahaly, elektrik energiýasyny aralyga geçirýän diňde ýerleşdirilen iki magnitli bombanyň partladylandygy aýdylýar.

Mundan ozal, Saglyk ministrliginiň resmileri ýurduň Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan hüjümiň yz ýany, üç adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýdypdylar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

21-nji martda, Nowruz baýramy bellenilýän wagty janyndan geçeniň Kabuldaky şaýy musulmanlarynyň metjidiniň daşyna eden hüjüminde azyndan 29 adam ölüpdi.

Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG