Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň garamagyna Aşgabatda gurulmagy planlaşdyrylýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň proýekti barada maglumat berildi.
TDH-nyň maglumatyna görä, täze binalar toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň günortasynda, umumy meýdany 25,5 gektara deň bolan ýerde gurlar.
“Taslama laýyklykda, bu ýerde 756 maşgala üçin niýetlenen 54 öýli, 8 sany dokuz gatly we 36 öýli, 9 sany, 9 gatly ýaşaýyş jaýyny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, iki sany 400 orunlyk köp gatly awtoduralgany hem-de 7 sany, iki gatly söwda merkezini” gurmak planlaşdyrylýar. Emma habarda bu proýektiň bahasy aýdylmaýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki ýerlerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, täze döwrebap şäherçeleriň yzygiderli gurulýandygy habar berilýär. Bu jaýlar adatça döwlet serişdesiniň hasabyna gurulýar we olaryň bahasy “aşa çişirilen” weilatyň real gazanç, girdeji mümkinçiliklerinden has gymmat hasaplanylýar.
Bu ýagdaý häkimiýetleriň ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna gurlan jaýlary olaryň öz işgärlerine ýarpy bahasyna bermek praktikasyny ulanmagyna alyp geldi. Emma ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagy käbir ministrlikleriň ýapylmagyna we jaý alan adamlaryň kyn ýagdaýa düşmegine sebäp boldy.
Şeýle-de paýtagtda bahasynyň aşa gymmat bolmagy sebäpli boş duran jaýlaryň köpelýändigi, döwrebap şäherçeleriň bolsa açylyş dabarasyndan soň çolaryp galýandygy, eli ýuka hem-de ýaş maşgalalaryň jaý almak mümkinçiliginiň barha kynlaşýandygy aýdylýar.