Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reformalary sebäpli öldürilen ösüşiň tarapdary baş wezir Yslamhoja barada kinofilm surata düşürilýär


Hywa hanlygynyň baş wezir Yslamhoja barada surata düşüriljek taryhy kinofilmde Yslamhojanyň keşbini janlandyrjak aktýor Ulugbek Kodirow
Hywa hanlygynyň baş wezir Yslamhoja barada surata düşüriljek taryhy kinofilmde Yslamhojanyň keşbini janlandyrjak aktýor Ulugbek Kodirow

Isfendiýar hanyň 1910-1918-nji ýyllar aralygynda Hywa hanlyk eden döwründe, durmuşa geçiren liberal reformalary sebäpli öldürilen baş wezir Yslamhoja barada taryhy kinofilm surata düşürilip başlandy.

“Ezgufilm” studiýasynda döwlet granty esasynda döredilýän “Baş wezir Yslamhoja” atly kinofilmi 35 ýaşly özbegistanly kino režissýor Jahangir Ahmedow surata düşürýär. Hywada, Daşkentde, Moskwada we Sankt-Peterburgda düşürilýän kinofilmde rus patyşasy Nikolaý II-niň hem keşbi janlandyrylýar.

Kinofilmde Ulugbek Kodirow (Yslamhoja), Alişer Uzokow (Isfendiýarhan), Mätýakup Mätjanow (Matwafo Bakkolow) we Oskar Jalilow (Nikolaý II) ýaly tanymal aktýorlar rollary ýerine ýetirýärler.

Kinofilmi surata düşürýän Jahangir Ahmedow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna eksklýuziw interwýu berdi.

Onuň Azatlyga aýtmagyna görä, agzalýan kinofilmde hanyň ölüminden soňra ýurtdaky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy bilen ykdysady we syýasy reformalary durmuşa geçiren Yslamhoja (1872-1913) bilen oňa garşy çykan antireformaçy Matwafo Bakkolowyň arasyndaky gapma-garşylyk barada gürrüň edilýär.

Filmiň senariýasyny ýazan dramaturg Jurabek Rozmetow Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde “kinofilmiň esasy temasy, reformalara mätäç galan Hywa hanlygynda özgerişleri amala aşyrmaga synanyşansoň, 1913-nji ýylda öldürilen Yslamhojanyň ykbaly barada” diýdi.

“Kinofilm Hywa hanlygynda 40 ýyl höküm süren Muhammetrahym hanyň ölüm sahnasy bilen başlanýar. Hanlyga Isfendiýaryň geçmegine garamazdan, iş ýüzünde ýurdy ýaş baş wezir Yslamhoja dolandyrýardy. Yslamhoja heniz 26 ýaşynda wagty Hywada Feruzhanyň döwründe baş wezir bolup işe başlapdy. Isfendiýaryň ilkinji çykaran permanynda “bazarlary düzetmek, köprüleri gurmak, ýollary abatlamak, guramalara berlen mülk ýerlerini täzeden hasaplamak işlerini Yslamhoja tabşyrdyk” diýilýär. Kinofilmde Yslamhojanyň durmuşa geçiren 10 sany çäresiniň jemgyýeti özgerdip başlandygy barada gürrüň edilýär diýip, Ruzmetow aýtdy.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Yslamhoja döwlet hazynasynyň hasabyna ýurtda ilkinji gezek ýol gurluşygy, poçta hyzmatlaryny, lukmançylyk we obahojalyk hyzmatlaryny ýola goýýar. Raýatlary ýer salgydyndan azat edýär, tussaglaryň orta asyrlardaky usullar bilen jezalandyrylmagyny gadagan edýär. Syrkawlaryň bejergisi üçin ösen keselhanalary gurdurýar. Dindarlaryň gözegçiligindäki ýerlerden girýän girdejileri ýurtda medeniýet we bilim pudagyny rowaçlandyrmak ugrunda sarp edýär. Adamlaryň döwlet üçin ýylda mejbury 12 gün mugt işlemek düzgünini ýatyrýar. Hywadan daşgary Täze Ürgenç, Şabat, Gürleň, Goňrat, Goşaköpri we Muýnok şäherlerinde jedid mekdeplerini döredýär. Bu mekdeplerde fizika, matematika, rus dili we çyzuw ýaly sapaklaryň okadylmagy boýunça perman çykarýar.

Özbegistanly kino režissýor Jahangir Ahmedow
Özbegistanly kino režissýor Jahangir Ahmedow

Daşkentli edebi tankytçy Akmal Rizaýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde “Yslamhoja biziň üçin taryhy nusgalyk şahsyýetdir”diýdi.

“Yslamhoja barada şu wagta çenli kinofilmiň düşürilmezliginiň özi utançly ýagdaýdy. Hut şonuň özi Merkezi Aziýada ilkinji kinostudiýany döredýär. Hudaýbergan Dewonowyň foto we kino surata düşürmegine hem Yslamhoja hemaýat edýär. Surata almagy günä diýip tagmalan aşa dinçilere garşy çykan hem Yslamhojady”, diýip Akmal Rizaýew aýtdy.

Ol Yslamhojanyň 1913-nji ýylyň awgust aýynda “Turkestanskiý kurýer” gazetinde çap edilen interwýusyndan bir bölegi sitirledi:

“Hanlyk bütin güýjüni ýurduň içindäki ösüşe gönükdirmeli. Ilkinji nobatda, sowatlylygy soňra söwda-senagaty ösdürmeli. Hywany Aziýanyň yzda galan döwletleriniň hataryndan çykarmaly. Halkyň erkin dem almagy zerur” diýip, Yslamhoja aýdypdyr.

Tankytçy bu sözleriň häzirki döwürdäki Özbegistana-da degişlidigini aýtdy.

Rizaýewiň aýtmagyna görä, bu kinofilmiň senariýasy ençeme wagtdan bäri “Özbekkinonyň” tekjelerinde tozap ýatan ekeni. Geçen ýylyň fewral aýynda Şawkat Mirziýoýewiň hut özüniň gatyşmagy bilen kinofilme rugsat berlipdir:

“Geçen ýyl Şawkat Mirziýoýew kino sungatynyň işgärleri bilen duşuşanda ýerli kinofilmleri döretmäge ünsi çekensoň döwlet geňeşçisi derejesinde bir resmi agzalýan kinonyň gysga beýanyny Mirziýoýewe beripdir. Meniň gatnaşan wideoşekilli maslahatymda Şawkat Miromonowiç baş wezir Yslahmhojany ýatlap, onuň Merkezi Aziýada ilkinji bolup bendileriň gynalmagynyň öňüni almak üçin çäreler görendigini we korrupsiýany ýatyrmak üçin resmilere durnukly aýlyk tölenmegini ýola goýýandygyny aýtdy. Mirziýoýewiň özüniň 100 ýyl mundan ozal öldürilen reformatara meňzeýändigi bilinýän ýagdaýdyr. Heniz kino surata düşürilmäge başlanmanka Jurabek Ruzmetow maňa senariýany okatdy. Kinonyň senariýasynda wakalar han ölen güni başlanýar. Hanyň ölüminden soňra baş wezir radikal reformalara girişýär. Mirziýoýewiň hem 13 ýyl baş wezir bolandygyny we reformalaryň Karimowyň ölüminden soňra başlandygyny göz öňünde tutsak, bu kinofilmiň surata düşürilmegine Mirziýoýewiň näme üçin rugsat berendigine düşünse bolýar. Moskwadaky “Oruzheýnaýa palatany” surata düşürmek üçin zerur bolan harajatlar näçä durýandyr!? Gymmat bahaly lybaslar, dolbi dijital ses we gymmat grim işleri... Maňa mälim bolan gürrüňlerde, baş wezir hakda düşürilýän kinonyň ahyrkyky kebşirleýiş işleri geçirilensoň Mirziýoýewiň özüne görkezýän ekenler. Bu ýagdaý ýagşymy ýa-da ýaman – ony bilmedim, ýöne bizde kino sungatynda hil taýdan meseleleri bar, diýip gürrüňdeşimiz aýtdy.

Reformator name üçin öldürildi?

Kino režissýor Jahangir Ahmedowyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, Yslamhojanyň reformalary “könelere” ýokmaýar. Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Yslamhojanyň reformalaryna garşy çykan “köneçil” konserwatorlar Matwafo Bakkolowyň antireformaçy keşbinde janlandyrylyp görkezilýär.

Bu roly ýerine ýetiren özbegistanly artist Mätýakub Mätçanow Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde şeýle diýdi:

“Yslamhojanyň durmuşa geçiren reformalary Şawkat Mirziýoýewiňkä meňzeýär. Şawkat Miromonowiç taryhy oňat bilýändigi sebäpli bu kinofilme hemaýat edýär. Çünki Şawkat Mirziýoýew hem Yslamhoja ýaly ýurdy galkyndyrmagyň zerurdygyna düşünýär. Yslamhojanyň bitiren işlerine ser salsaň, ol resmileriň salgydyň ujundan alyp galmak ýaly talaňçylyklaryndan çetde durupdyr. Olar ýaly zatlar meniň keşbini janlandyran Matwafo Bakkolow ýaly köneçil konserwatiw adamlara ýaramaýar. Bugünki günde-de reformalara garşy çykýan, öňki ýaly ýaşaly diýýän adamlar bar. Ýöne häzirki wagtda tussaglykda saklanýan prokuror Raşit Kadyrowa garanyňda Bakkolow dagy has ynsaplyrak bolupdyr. Bakkolow reformalara duşmançylyk edipdir, ýöne Kadyrow dagy millete duşmançylyk etdi” diýip, Mätýakup Mätjanow aýtdy.

Filmiň režissýory Jahongir Ahmedowyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, “Baş wezir Yslamhoja” atly kinofilm şu ýylyň 1-nji sentýabrynda görkeziler.

Filmiň ssenariýasyny ýazan Jurabek Ruzmetow, filmiň hudožnigi Akmal Saidow, lybaslar boýunça hudožnik Sojida Hasanowadyr.

XS
SM
MD
LG