Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň Daşkente etjek saparynyň gün tertibine seredildi


Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow (s) we Şawkat Mirziýoýew (ç), Aşgabat, 6-njy mart, 2017

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri bilen Aşgabatda geçirilen syýasy konsultasiýalaryň nobatdaky tapgyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkente etjek saparynyň gün tertibine seretdi diýip, Sputnik neşri 9-njy aprelde habar berdi.

9-njy aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek syýasy konsultasiýalar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap bolan resmi maglumatda, taraplaryň ýokary derejeli saparlaryň roluny belländigi we munuň bilen baglylykda “iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ynamly gatnaşyklary we munuň köptaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösüşine esas berýändigini” nygtandygy aýdylýar. Emma resmi maglumatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkente sapary we onuň gün tertibi meselesi agzalmady.

Türkmenistanyň prezidentiniň Özbegistana sapar etmegi barada ýanwar aýynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew mälim edipdi.

Fewral aýynda Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Şiri Şiriýew iki ýurduň liderleriniň duşuşygyna aktiw taýýarlyklaryň görülýändigini habar berdi. “Şu ýyl biz hormatly prezidentimiziň Özbegistana saparyna garaşýarys. Saparyň dowamynda ençeme meselä garalar. Gün tertibi belli däl, emma biz taýýarlanýarys. Saparyň takyk gününi men aýdyp biljek däl, emma biz diplomatik kanallar arkaly işleýäris. Munuň bahar aýlarynda bolmagy has ähtimal” diýlip, media serişdelerinde türkmen diplomaty sitirlenýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew soňky gezek geçen ýylyň sentýabr aýynda duşuşdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG