Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp güman edilýän himiki hüjüm sebäpli Siriýa garşy harby çäreleri amala aşyrmak haýbatyny atdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 9-njy aprel, 2018.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 9-njy aprel, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen dynç günlerinde raýatlara garşy himiki ýaragynyň ulanylan bolmagy güman edilýän hüjüm sebäpli Siriýa garşy harby çäreleri amala aşyrmak bilen haýbat atdy. Orsýet, bolsa, islendik şeýle çäräniň “uly netije” döredip biljekdigini aýtdy.

Tramp ABŞ-nyň harby geňeşçileri bilen 9-njy aprelde geçiren duşuşygynda, hususan-da, “bizde ençeme harby mümkinçilik bar we biz soňra sizi habarly ederis. Belki-de faktdan soň” diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti yzýany Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen maslahat geçirdi we olar hüjüme “berk jogap bermek” zerur diýip ylalaşdylar diýip, Makronyň edarasy habar berdi.

Munuň öňüsyrasynda Tramp Siriýanyň ýaranlary Orsýetiň we Eýranyň 7-nji aprelde Damaskyň golaýyndaky Douma şäherinde bolan himiki hüjüm diýlip güman edilýän ýagdaýa jogap bermeli boljagynyň ähtimaldygyny belledi. Şol hüjümde azyndan 40 adamyň wepat bolandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG