Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanly kanun çykaryjylar zorlukly protestleri derňemäge çagyrdylar


Toguz-Toroda bolan protest aksiýasy, 11-nji aprel, 2018.

Gyrgyzystanly kanun çykaryjylar täze magdançylyk kärhanasynyň gurluşygyna garşy dörän zorlukly protestleri derňemäge çagyrdylar.

12-nji aprelde Kanun çykaryjylar Aitmamat Nazarow, Dastan Jumabekow we Irina Karamuşkina ýerli häkimiýetleri we kanun goraýjylary Jalal-Abad regionynda altyn känleriniň daşynda ençeme gezek dörän konfliktiň öňüni almagy başarmazlykda aýypladylar.

10-njy aprelde Toguz-Torou etrabynyň müňlerçe ýaşaýjysy bilelikdäki gyrgyz-hytaý “Makmal GL Developing” kompaniýasynyň ençeme binasyny oda berdiler we polisiýany daşladylar.

Protestçiler Kazarman şäheriniň golaýynda altyn öndürmek boýunça täze kärhanalaryň gurluşygyna garşy çykyş etdiler.

Kanun goraýjy resmileriň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Kazarmandaky ýagdaý häkimiýetleriň gözegçiliginde bolup, bu ýerde goşmaça polisiýa güýçleri ýerleşdirilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG