Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly migrantlar galp dokumentler bilen aldawa salynýar


Türkmen migrantlaryny Türkiýäniň dürli ýerlerinde görse bolýar.

Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatlaryndan çen tutulsa, diňe 2016-njy we 2017-nji ýyllarda Türkiýede kanuny ýagdaýda hasaba alnan türkmenistanly raýatlaryň sany 30 müň töwereginde.

Stambulda ýerleşýän "Turkpermit" atly hukuk geňeşdarlygy firmasy 2012-nji ýyldan bäri Türkiýedäki köne pasportly türkmen migrantlary bilen baglanşykly geçirilen barlaglaryň netijesine salgylanyp, Türkiýede köne pasportly we wiza möhleti gutaran, bikanun ýagdaýda işleýän türkmen migrantlarynyň takmynan 200 müňe golaýdygyny aýdýar.

Türkiýäniň Statistika guramasynyň hasabatyna görä bolsa, Türkiýede resmi ýagdaýda ýaşaýan daşary ýurtly taýatlaryň umumy sany 650 müňden geçipdir. Olaryň arasynda türkmenistanly raýatlar, Owganystan, Azerbaýjan, Eýran we Rusiýa raýatlaryndan soň, iň köp sanly migrantlar hökmünde, Türkiýede bäşinji orunda durýar.

Türkiýäniň Medeniýet we turizm minstrliginiň beýannamasyna görä, Türkmenistandan Türkiýä diňe 2017-nji ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli arlykda 274 müňden gowrak turkmenistanly turist görnüşinde gelipdir.

Soňky wagtlarda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkiýede wiza möhleti gutaran käbir türkmenistanlylaryň galp dokument ýasaýanlaryň aldawyna düşýändigi barasynda dürli maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny Türkiýede galp dokumentler bilen aldawa düşürilýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň başdan geçirýän ýagdaýlaryna gönükdirýäris.

Gepleşigi diňläp, öz tejribeleriňiz bilen pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Türkmenistanly migrantlar galp dokumentler bilen aldawa salynýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG