Azatlygyň çeşmeleri köp adamyň 21-nji dekabrda Türkmenistanyň merhum ilkinji prezidenti, awtoritar dolandyryjy Saparmyrat Nyýazowy 'ýagşylykda ýatlandygyny', emma onuň adynyň döwlet eýeçilgindäki telewideniýede, ýogalan güni mynasybetli, ilkinji gezek ýatlanmandygny habar berýärler.
1940-njy ýylda dogan, Türkmenistana 1985-nji ýyldan ömrüniň ahyrky gününe çenli ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Nyýazow, resmi maglumata görä, 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda, 66 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
“Ol kim bolan bolsa-da, halkyň söýgüsini gazanan [adam], aradan çykanyna 19 ýyl bolan bolsa-da, türkmenler [ony] diňe gowulykda ýatlaýarlar, şanyna gowy sözleri aýdyp, wideolar paýlaşdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Nyýazow Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmagynda “binýat tutan lider höküminde” ýatlanylýar.
“...ähli gazanylan ösüşler diňe Nyýazow döwründe boldy, Bitaraplyk, manat pul dolanyşygy, [döwlet] gimni, döwlet [baýdagy], döwlet [gerbi], kril elipbiýinden latyn hatyna geçmek – bularyň ählisi ilkinji prezidentiň ady bilen bagly” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşuly öz pikirini öňe sürdi.
Nyýazowyň dolandyryşyna syýasy baha berilmedi
Ýöne, Azatlygyň söhebtdeşleriniň beýleki bir bölegi Nyýazowy ýurtdaky awtoritar dolandyryşy ýol goýmakda we çuňlaşdyrmakda, adam hukuklarynyň dowamly bozulmagyny adaty bir zada öwürmekde jogapkär hasaplaýar.
Ol ýogalanyndan soň, Türkmenistanda ilkinji prezidentiň diýdimzor dolandyryşyna töwrekleýin syýasy bara berilmedi we jemgyýetiň bir bňleginde döwlet propagandasynyň täsiriniň saklanyp galýandygy aýdylýar.
Şeýle-de, söhbetdeşimiz ýönekeý adamlaryň köpüsiniň Nyýazowy “Türkmenistany GDA-nyň düzüminden çykaran we hakyky rus agalygyndan halas eden lider hökmünde, diňe gowulykda ýatlanýandyklaryny” belledi.
Azatlygyň aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan raýatlarynyň biri häzirki hökümete ýakyn adamlaryň Nyýazowy halky neşekeş etmekde aýyplap, ony “türkmeniň soňuna sogan ekmekçi bolan ýolbaşçy” hökmünde häsiýetlendirýändiklerini aýtdy.
Onuň pikiriçe, häzirki hökümetiň tarapdarlary Nyýazow döwründe bolan ‘neşe bolçulygyny’ bahana edip, ony garalap görkezýärler we, dürli goşgular, aýdymlar bilen, ikinji prezidenti Arkadag, halasgär hökmünde mahabatlandyrýarlar.
Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan raýatlar soňky ýyllarda ilkinji prezidentiň ady dakylan köçeleriň, ilatly nokatlaryň ençemesiniň adynyň üýtgedilendigini bellediler.
Hökümete ýakyn çeşmäniň anonimlik şertinde tassyklamagyna görä, 2030-njy ýyla çenli ýurtda Türkmenbaşyny ýatladýan, onuň adyny göterýän ýekeje şäher, etrap, seýilgäh ýa-da ýokary we orta okuw jaýy... galmaly däl. Çeşme bu mesele boýunça ýörite iş maksatnamasynyň bardygyny, häzir onuň esli böleginiň ýerine ýetirilendigini öňe sürdi.
“Watan habarlary” Nyýazowy ýatlamagyny 'bes etdi'
Azatlyk bu diýilýän ‘iş maksatnamasynyň” hakykatdan hem bardygyny ýa ýokdugyny resmi taýdan tassykladyp-da, inkär etdirip hem bilmeýär.
Söhbetdeşlerimiziň biri merhum prezidentiň 21-nji dekabr güni, agşam sagat 21:00-da ýaýlyma berlen “Watan habarlary” gepleşiginde ilkinji gezek ýatlanylmandygyny aýtdy.
“Häzirki hökümet Türkmenbaşyny halkyň hakydasyndan çykarmaga çalyşýana meňzeýär. Bu ýakyn taryhy, garaşsyzlyk we bitaraplyk statusyny diňe Arkadagyň at-abraýyna baglamak syýasatyna bat berilmegi bilen bagly” diýip, ýaşaýjy geçen ýylyň 21-nji dekabrynda “Watan habarlarynyň” Nyýazowy hatyralap kiçiräk, 2,5 minutlyk maglumat berendigini hem sözüne goşdy.
“Şu ýyl Türkmenbaşyny hatyralap, 30 sekuntlyk ýatlama hem bermediler. Bu nä dereje hormatsyzlyk” diýip, ýasaýjy her gelen özünden öňküleriň adyny taryhdan öçürmäge synansa, türkmen döwletiniň hakyky taryhyny bolmajakdygyny öňe sürdi.
Maglumat üçin aýtsak, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitik Brýus Panniýer hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen duşuşygyna gabat Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik döwründe, şondan 15 ýyl töweregi ozallar Türkmenistanyň Arkalaşykdan çetde durmaga synanyşandygyny aýdypdy.
Şol bir wagtda, Nyýazow Türkmenistanda öz şahsyýet kultuny döretmekde, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, SSSR-iň iň soňky ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýowyň döwründe ýaýbaňlanan söz, pikir aýtmak, metbugat azatlyklaryny 1990-njy ýyllaryň ortalaryna çenli doly basyp ýatyrmakda tankyt edilýär.
Ýerli synçylar Türkmenistanyň şu günki döwlet dolandyryşynyň, syýasy, ykdysady we medeni erkinlikleriň berk çäklendirilmeginiň, adam hukuklarynyň dowamly bozulmagynyň esaslarynyň Nyýzow döwründe goýlandygyny we Berdimuhamedowlaryň bu ýörelgäni öz mümkinçilikleriniň çäginde dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum