Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde her iki hepdede bir dil ýok bolýar


Britaniýadaky Wiking festiwaly

Dünýäde her gün 200 töwereginde ösümlik, mör-möjek, guş we süýtemdiriji haýwan görnüşi ýok bolup gidýär. Bu san näçe aýylganç eşidilýänem bolsa, aslynda o diýen geň ýagdaý däl.

Bulardanam has gynandyryjy ýagdaý, planetada her iki hepdede bir diliň ýok bolýandygydyr.

BMG-nyň golaýda çap eden hasabatynda, dünýädäki käbir dilleriň çalt depginde ýok bolýandygyna üns çekýär.

Hasabatda beýan edilişine görä, biziň eramyzdan owal adamlar 20 müň dil we dialektde gepleşýär ekeni.

UNESCO-nyň soňky maglumatlaryndan çen tutulanda, häzirki döwürde dünýäde adamlar diňe 6500 dilde gepleşýärler. Bulardan iki müň sanysyna ýok bolup gitmek howpy abanýar.

Dünýädäki adamlaryň 97 göterimi planetadaky dilleriň diňe 4%-ni ulanyp, olarda gepleşýärler.

Dünýäniň umumy ilatynyň 3 göterimi bolsa, galan 96 göterimlik dilleri ünsden düşürýär.

Diýmek, ilat sany gaty az bolan halklaryň öz ene dilleri o diýen kän ýörgünli bolmansoň, ýok bolup gidýär.

UNESCO-nyň bellemegine görä, diller adamzadyň ideýasyny, duýgusyny, bilimini we ýatlamalaryny özünde jemleýän milli hazynadyr.

Eýsem muňa garamazdan, diller näme sebäpden ýok bolýar? Kämahal munyň sebäbi ol dilde gepleşýän adamlaryň nesliniň gutarmagy bolup bilýär. Şeýle ýagdaý tebigy betbagtçylyklar, ýokanç keseller we uruşlaryň netijesinde ýüze çykýar.

Kämahal bolsa käbir halklar öz ene dilini ünsden düşürýär we ony terk edýär.

Meselem, 1932-nji ýylda Salwadorda aborigen hindi dilleriniň toparyndan bolan Lenka we Kakaopera dilleri ünsden düşürilipdir. Muňa Salwador goşunlarynyň ýerlileri öldürmegi sebäp bolupdyr.

Ýiten dilleriň ornuna umuman iňlis, ispan, fransuz we mandarin dilleri geçipdir.

Häzirki döwürde aşakdaky şu ýedi dile ýitme howpy abanýar:

1. Ýedek dili

Malaý ýarym adasynda geçen ýyl äşgär edilen bu dilde bir şäherde ýaşaýan bary-ýogy 280 adam gepleşýär.

Bu ýerde aýratyn belläp geçilmeli bir ýagdaý bar, ýagny ýedek dili jeňňellikde ýaşaýan wagşy taýpanyň dili däldir. Gürrüňi gozgalýan şäherde owalky döwürde etnograf we antropologlar giňişleýin ylmy barlag geçiripdirler. Olarda bu ýerli dil uly gyzyklanma döredipdir.

Netijede, ylmy dilde aýdylanda, ýedek dili "ýazuwa geçirilmändir".

Häzirki döwürde bu dil bilen Lund uniwersitetiniň umumy lingwistika boýunça professory Niklas Burenhalt meşgullanýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu dilde hünärleriň ady, almak, satmak, ogurlamak ýaly sözler düýbünden ýok. Ýöne ýedek dilinde paýlaşmak we çalyşyk bilen baglanyşykly sözler bar.

2. Aka dili

Hindistandaky dillerden bolan aka dili ýurduň Arunahal Pradeşda atly demirgazyk ştatynda gepleşilýär. Bu diliň gepleşilýän şäherine barmak üçin, jeňňellikleriň arasyndan ulag bilen 5-6 sagat ýol aşmak gerekdir.

Ýöne indi gynansagam bu dil hem ýitip barýar. Şäheriň ýaşlary ýurduň esasy dili bolan hindi dilinde gepleşmäge ürç edýärler. Şäherdäki telekanallarda we radiolarda hem hindi dilinde gepleşikler goýberilýär.

Häzirki döwürde aka dilinde bary-ýogy 3 müň adamyň gepleşýändigi çak edilýär.

3. Island dili

Island dili aslynda tutuş bir ýurduň döwlet dili hem bolsa, gaty ünsden düşürilipdir. 13-nji asyrdan bäri bu diliň kämilleşen grammatiki gurluşa eýedigi bilinýär.

Ýöne muňa garamazdan, döwrüň internet tehnologiýasy we sosial media bu diliň "ölüm permanyny" taýýarlaýar.

Iňlis diliniň ýörgünli bolmagy island diliniň çetleşdirilmegine sebäp bolýar.

4. Marşall dili

Kämahal daş-töwerekde bolup geçýän ýagdaýlar we howa şertleriniň üýtgemegi hem diliň ýitmegine sebäp bolup bilýär. Marşall adalarynda häzir hut şeýle ýagdaý bolup geçýär. Awstraliýa bilen Gawai adalarynyň arasynda ýerleşýän bu merjen adalarynda ýaşaýyş şertleri barha kynlaşýar.

Okeanyň suwunyň beýgelmesi ýerli ýaşaýjylaryň bu adalary terk etmegine sebäp bolýar.

Olaryň esasy köpçüliginiň ABŞ-nyň Arkanzas ştatyndaky Springdeýl şäherine göçmegi bolsa munyň üstesine gaty geň galdyryjy ýagdaýdyr.

Bosgunlykdaky halklar gysga wagtyň içinde öz ene dilini ýadyndan çykarýandyr.

5. Wintu dili

Ýewropalylar demirgazyk Amerika barmazyndan owal winti taýpasynyň adam sany 14 müň ekeni.

Häzirki döwürde bolsa bu san ýokanç keseller we "zor bilen göçmäge mejbur edilmegi" sebäpli 150 adama çenli azalypdyr.

UNESCO-nyň maglumatyna görä, indi bu dilde gowy gepläp bilýän diňe ýekeje adam galandyr.

6. Tofa dili

Bu dil Russiýa federasiýasynyň Irkutsk welaýatynda ýaşaýan türki dilli taýpa bolan tofalaryň dilidir. UNESCO-nyň maglumatyna görä, häzirki wagtda bu dilde gepleşýän jemi 40 adam bar.

Bu dil welaýatyň iň çet künjegindäki üç şäherde gepleşilýär.

Aslynda üzňe ýerde ýaşalmagy owal bu diliň goralyp saklanmagyna kömek eden bolsa, indi şäheriň ýaşlarynyň esasan ors dilindäki mekdeplerde bilim almagy ene diline howp abandyrýar.

Şeýlelikde, täze nesil tofa ýa-da tofalaryň dilini bilmeýär.

7. Elfdal dili

Elfdal dili gadymy Nord ýa-da Wiking dili bilen bir maşgala degişlidir. Bu dilde diňe Şwesiýanyň çet künjegindäki Älwdalen welaýatynda gepleşilýär.

Gadymy german dillerine degişli bolan bu dilde Skandinawiýada jemi 3 müň adam gepleşýär.

Ýöne indi bu dilde gepleşýänleriň aglaba köpçüligi şwed dilinde gepleşmäge ýykgyn edýär.

Şoňa görä bu diliň ýitmezligi üçin tagalla edilýär. 2016-njy ýylyň mart aýynda Älwdalen şäheriniň mejlisi çagalar baglarynyň hemmesinde bu diliň okadylmagy barasynda karar kabul edipdir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG