Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen zähmet migrantlary üçin Orsýetiň meşhurlygynyň artmagy ähtimal


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

18-nji aprelde Türkmenistanda Orsýetiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikler geçiriler. Türkmen-orsýet gepleşiklerinde howpsuzlyk meselesi, ykdysady hyzmatdaşlyk we mümkin zähmet migrasiýasy maslahat ediler, emma bilermenler Orsýetiň, belli bir derejede,türkmen zähmet migrantlary üçin Türkiýeden soň ikinji ugur bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar diýip, Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşri ýazýar.

Maglumatda munuň sebäbiniň Türkmenistanda barha güýçlenýän ykdysady krizis we işsizlik bilen baglydygy bellenýär. Türkmenistan azyk we maliýe krizisi başdan geçirýär. Bank operasiýalaryň tas ählisi togtadyldy.Ýurduň raýatlary aýlyklaryň gijikdirilmegi, iş orunlarynyň köpçülikleýin çäklendirilmegi, býujet işgärleri bolsa tölegsiz dynç alşa ugradylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýlip, bellenýär. Şeýle-de ýurtda işsizlik derejesiniň 60 prosente ýetmegi bilen bir wagtda häkimiýetleriň öz raýatlaryndan olaryň başga ýurtlara gazanç üçin gitmejegi barada dil hatyň alynýandygyny neşir belleýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede işleýän türkmenistanly zenanlary ýurda gaýtarmak boýunça çäreleri maslahat edýändigini ýaňy-ýakynda habar beripdi.

Şeýle-de, mundan beýläk 30 ýaşyny doldurmadyk türkmenistanly erkeklere daşary ýurtlara çykmaga rugsat berilmejegi barada maglumat gowuşdy.

Soňky döwrüde gazanç üçin ýurduň daşyna çykýan türkmenistanlylaryň sanynyň gitdigiçe köpelýändigi habar berilýär. Gazanç üçin ýurduň daşyna çykýan türkmenistanlylaryň köp barýan ýurtdy Türkiýe bolmagynda galýar. Emma soňky döwürde türkmenistanlylar Özbegistana, Gazagystana, Azerbaýjana has köp gidip başladylar.

Şol bir wagtda-da, Orsýetde türkmen migrantlarynyň sanynyň köpelmegini görkezýän tendensiýa göze ilýär. Orsýetiň Wolgograd regionynyň resmileriniň martyň başynda mälim eden sanlaryna görä, regiona Türkmenistandan göçüp baran migrantlaryň sany 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 2017-nji ýylda 81% ýokary galypdyr.

Zähmet migrasiýasy Türkmenistan üçin umuman täze ýagdaý diýip, “Nezawisimaýa gazeta” neşriniň synçysy Wiktoriýa Panfilowa öz makalasynda belleýär we şeýle dowam etdirýär, birinji prezident Türkmenbaşy - Saparmyrat Nyýazowyň altyn asyr döwründe (1992-2006-njy ýyllarda) ýaşan ýurt häkimiýetiň çalyşmagy bilen “Beýik galkynyş” döwrüne geçdi, bu bolsa, 2014-nji ýylda ykdysady krizisiň başyna çenli dowam etdi. Türkmenbaşynyň 90-njy ýyllarda girizen we 2030-nji ýyla çenli saklamagy wesýet eden gaz, suw we tok mugtçulygyny ýatyrmaly boldy. Ondan soň çişirilen sözleriň hakykata çalym etmeýändigi belli boldy.

Maglumatda Moskwanyň halkara gatnaşyklary institutynyň Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň problemalaryny öwrenmek boýunça merkeziniň müdiri Andreý Kazansewiň pikiri getirilip, Türkmenistanyň barha göze ilýän ykdysady problemalarynyň ýurduň gazyň eksporty boýunça ägirt uly mümkinçilikleriniň talap edilmezligi bilen baglydygy aýdylýar.

“Nezawisimaýa gazeta” neşriniň bellemegine görä, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň tas ýeke-täk girdeji çeşmesi bolan gazyndan 2016-njy ýylda Moskwanyň ýüz öwürmegi, ýurduň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrdy. Geçen ýylda Aşgabat Eýran bilen üzlüşilmedik bergiler barada konflikte girişip, özüniň ýene bir möhüm eksport bazaryny ýitirdi. Şu günki gün türkmen gazynyň ýeke-täk hyrydary bolup, diňe Hytaý galdy, üstesine ol gazgeçirijiniň gurluşygy üçin beren 4 milliard dollarlyk karzynyň hasabyna gazy iňňän pes bahadan satyn alýar.

XS
SM
MD
LG