Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýä goýberilmedik türkmenistanlylar aeroportda nägileligini bildirdiler


Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Aşgabadyň aeroportynda onlarça ýolagçynyň Türkiýä goýberilmeýändigi baradaky wideo gelip gowuşdy.

Wideoda raýatlaryň türkmen häkimiýetleriniň olary ýurtdan çykarmaýandygyna nägilelikleri, hatda gazaplylyk bilen reaksiýa bildirýändigini synlasa bolýar.

Ýolagçylaryň gep-gürrüňinden olara biletleriň satylandygyna, ähli resminamalarynyň ‘düzüwdigine’ garamazdan, Türkmenistanyň çäklerinden çykarylmaýandygyny aňsa bolýar.

Aeroportda bu hadysa şaýat bolan käbir adamlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, wideo 3-nji aprelde düşürildi.

Şol bir wagta, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň wekillerinden wideodaky ýolagçylaryň näme sebäpden Türkiýä goýberilmeýändiginiň sebäpleri, umuman, bu ýagdaý dogrusynda hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Emma soňky wagt Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan, hususan-da, Türkiýä gitmekçi bolýan türkmenistanlylar hiç bir sebäpsiz Aşgabadyň aeroportyndan yzyna gaýtarylýandyklaryny aýdýarlar.

Ýeri gelende bellesek, Türkiýe türkmenistanlylaryň iş gözleginde çykýan esasy ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir ýolagçy: “Aşgabat aeroportynyň Migrasiýa gullugynyň öňünde, daşary ýurda goýberilmedik nägile adamlardan emele gelen üýşmekleri her gün diýen ýaly görse bolýar. Daşary ýurda goýberilmeýän ýolagçylaryň aglaba köpçüligi welaýatlardan gelen raýatlar. Migrasiýa gullugy, ylaýta-da, Daşoguz hem Lebap welaýatlaryndan bolan, ilkinji gezek daşary ýurda gitmäge synanyşýan adamlary saklap, yzyna gaýtarýarlar” diýip gürrüň berdi.

Bu aralykda, Aşgabadyň halkara aeroportyndan Türkiýä we Dubaýa gitmegine rugsat berilmedik türkmen raýatlarynyň atlarynyň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň “gara sanawyna” goşulandygy barada hem maglumatlar gelip gowuşdy.

“Dubaýa, Türkiýä gitmekçi bolanda uçara goýberilmedik raýatlaryň ählisini diýen ýaly Migrasiýa gullugy özüniň “gara sanawyna” goşdy. Mysal üçin, şol raýatlar gaýtadan başga ýurda gitmekçi bolanda, ýekelikde ýanyna çagyryp, öňki gidip bilmedik gezeklerini ýatladyp, ‘sen öňem bellikde dursuň. Bizi bizar etme, gidip bileňok sen’ diýip jogap berýärler. Hiç hili günäň bolmazdan, bizi we biz ýalylary beýdip gara sanawda saklamaklary gaharyňy getirýär” diýip, anonim şertde habarlaşan türkmen raýaty aýtdy.

Galyberse-de, ýurtda hereket azatlygy, raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara Konwensiýa tarapyndan kepillendirilýär we Türkmenistan bu konwensiýany baryp 1997-nji ýylda tassyk etdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň öz kanunçylygy hem raýatlaryň ýurtdan erkin çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklaryny kepillendirýär. Muňa garamazdan, daşary ýurtlara sapar etmek isleýän käbir türkmenistanlylaryň syýahat mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi, ýagny olaryň uçara goýberilmeýändigi barada, Azatlyk Radiosyna dowamly maglumatlar gowuşýar.

XS
SM
MD
LG