Birleşen Ştatlar Moskwanyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýandygy üçin, Orsýetiň garşysyna täze sanksiýalar girizmegi planlaşdyrýar.
Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nikki Haleýiň 15-nji aprelde amerikan telewideniýesine aýtmagyna görä, ýurduň gazna sekretary Stewen Mnuçin 16-njy aprelde täze sanksiýalaryň nämelerden ybaratdygyny yglan eder.
“Sanksiýalar Assad we himiki ýaraglar bilen baglanyşykly enjamlary bilen iş salyşýan kompaniýalara garşy gönükdiriler” diýip, Haleý aýtdy.
Ol soňra hem: “Meniň pikirimçe, şu babatda ony hemmeler duýarlar. Biziň muny berk duýdurýandygymyzy hemmeler bilerler we gulak asarlar diýip umyt edýäris” diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa bolsa göz öňünde tutulan sanksiýalardan Moskwanyň habarlydygyny tassyklady.
Zaharowa Orsýetiň telewideniýesinde şeýle diýdi: “Men Orsýetiň garşysyna girizilmeli sanksiýalaryň hakykat bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny dogrudan tassyklap bilýärin. Olar ozal Ukraina sebäpli jezalandyrýarys diýen bolsalar, indi aýdylýan sözler üýtgedi. Indi olar bizi diňe global sahnadadygymyz üçin jezalandyrýarlar”.
Birleşen Ştatlar, Beýik Britaniýa we Fransiýa Siriýa hökümeti tarapyndan öten hepde edilendigi güman edilýän we onlarça adamyň başyna ýeten himiki hüjüme jogap edip, 14-nji aprelde Siriýanyň garşysyna howa hüjümlerini amala aşyrdylar.
Pentagon howa zarbalarynyň Siriýanyň himiki ýarag desgalarynyň edil “ýüregine” degendigini aýtdy.
Assadyň tutanýerli goldawçysy bolan Orsýet howa zarbalaryny halkara hukugynyň bozulmagy diýip atlandyryp, bu zarbalar Siriýada barýan raýat urşuna syýasy çözgüdiň tapylmagyny çylşyrymlaşdyrdy diýdi.
Amerikan resmileri Orsýeti 2013-nji ýylda Siriýanyň himikimi ýaraglaryny ýok etmek boýunça öz üstüne alan borjuny ýerine ýetirmänlikde aýyplaýarlar.
“Biz häzir alyp barýan syýasy we diplomatik işlerimiz bilen [Siriýanyň] dostlary bolan Eýrana we Orsýete maksadymyzyň alyş-çalyşdygyny bildirmek isleýäris. Munuň agyrysyny olar-da duýmalydyrlar” diýip, Haleý aýtdy.
Bu aralykda Ak tam prezident Donald Trampyň Amerikanyň ýaragly güýçleriniň “mümkin boldugyça çaltrak” yzlaryna dolanmagyny isleýändigini gaýtalyp, Birleşen Ştatlaryň Siriýa boýunça missiýasynda hiç bir zadyň üýtgemändigini bildirdi.
Bu beýanat Birleşen Ştatlar Fransiýa we Britaniýa bilen birlikde Siriýa howa zarbalaryny uranyndan bir gün soňra, ýagny 15-nji aprelde berildi.
Raketaly zarbalara Birleşen Ştatlaryň 7 ýyl bäri barýan Siriýa konfliktine has içgin gatnaşmagy diýip baha berildi.
Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders bir beýanatda Tramp “amerikan güýçleriniň mümkin boldugyça çalt yzlaryna dolanmagyny isleýändigini açyk bildirdi” diýdi.
“Biz [ekstremistik topar Yslam döwletini] bütinleý dargadyp, olaryň yzlaryna dolanmazlygy üçin, gerekli şertleri döretmekde kararly. Galyberse-de, regional ýaranlarymyzyň we partnýorlarymyzyň regiony howpsuzlandyrmakda harby hem maliýe taýdan köpräk jogapkärçiligi öz üstlerine almagyna garaşýarys” diýip, Sanders aýtdy.
Sandersiň bu beýanatyndan bir gün öň Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nikki Haleý Birleşen Ştatlar edil şu wagt güýçlerini Siriýadan çekmez, Birleşen Ştatlaryň işi ol ýerde entek “tamamlananok” diýipdi.
Haleýiň aýtmagyna görä, Amerikanyň missiýasynyň üç maksady bar. Bular himiki ýaraglaryň Birleşen Ştatlaryň milli bähbitlerine zyýan ýetirerlik ýagdaýda ulanylmazlygyny üpjün etmekden, Yslam döwletiniň ýarym harbylaryny ýeňmekden, şeýle hem Eýranyň näme edýänini yzarlamak üçin gözegçilik nokadyna eýe bolmakdan ybarat.
Haleý: “Şu işleri bitirendigimize göz ýetirmezden öň biz ol ýeri terk etmeris” diýdi.
Ak tamyň beýanaty Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Siriýada “uzak möhletli” galmagy özüniň Trampa ynandyrandygyny aýdanyndan sanlyja sagat soňra geldi.
Makron: “On gün mundan ozal prezident Tramp Siriýadan çekilmek isläpdi. Biz ol ýerde galmalydygyny oňa ynandyrdyk” diýdi.
Makron soňra hem Fransiýanyň Siriýa boýunça Günbatar döwletlerini, Orsýeti we Türkiýäniň öz içine alýan bir diplomatik başlangyjy ýola goýmak isländigini aýtdy.