Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow Migrasiýa gullugynyň işgärlerini gutlady


Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgäri

Türkmen prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni bilen gutlady.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gutlagynda “Açyk gapylar” syýasatynyň alnyp barylmagy netijesinde dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň has-da artandygyny nygtady.

Prezidentiň bu belligine garamazdan halkara hukuk goraýjy toparlary Türkmenistany dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýandyklaryny öňe sürdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň türkmen ýolagçylary bilen gödek gürleşýändigi, olary – hiç hili düşündiriş bermezden - yzyna gaýtarýandygy barada dowamly maglumatlar gowuşýar.

Ýakynda Azatlyk Radiosynya onlarça ýolagçynyň Türkiýä goýberilmän, munuň hem gahar-gazaby döredendigi barada wideo ýazgy gowuşypdy.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Mundanam başga, Migrasiýa gullugynyň raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagyna yzygiderli çäklendirmeleri girizýändiklerine üns çekilýär. Mysal üçin, soňky gowşan maglumatlara görä, Migrasiýa gullugy 30 ýaşyny doldurmadyk türkmenistanly erkekleri ýurduň daşyna çykarmaýar.

Galyberse-de, daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanyp gelen raýatlaryň Aşgabadyň aeroportynda soraga çekilýändigi hem aýdylýar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 2003-nji ýylyň 17-nji aprelinde esaslandyrylypdy.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG