Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda yzarlanýan žurnalist Ukrainadan Gollandiýa aşdy


Fikrat Huseýnli
Fikrat Huseýnli

Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan yzarlanyp, 10 ýyl mundan ozal ýurduny terk eden žurnalist Ukrainadan Gollandiýa gitdi diýip, onuň kärdeşleri aýdýarlar.

Fikrat Huseýnli 17-nji aprelde Urainadan gitdi diýip, Azerbaýjanyň garaşsyz onlaýn telekanaly Turan TW-siniň müdiri Kanimat Zahid aýtdy.

Huseýnli 2006-njy ýylda Bakuwda näbelli hüjümçiler tarapyndan urlup-ýenjilmeginden we pyçaklanmagyndan soň 2008-nji ýylda Gollandiýa gidip, şol ýurtda syýasy gaçybatalga we raýatlyk alypdy.

Žurnalistiň Ukrainadan ýene Gollandiýa dolanyp barmagy onuň Azerbaýjana deportasiýa edilmegi barada aktiwistleriň bildiren aladalanmalary bilen bagly boldy. Azerbaýjanyň häkimiýetleri žurnalisti ogurlyk we serheden bikanun geçmek bilen bagly aýyplamalaryň esasynda yzarlaýarlar. Hökümetiň tankytçylary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň häkimiýetleri oktýabr aýynda Huseýnlini Germaniýa barýan uçara goýbermediler we dokumentlerini elinden alyp, onuň Interpol tarapyndan gözlenýändigini mälim etdiler. Tussag edilen žurnalist birnäçe günden soň boşadylypdy.

4-nji aprelde Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) Ukrainanyň häkimiýetlerinden Gollandiýanyň raýaty bolan Huseýnlä onuň pasportyny gaýdyp bermegi talap etdi.

XS
SM
MD
LG