Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby goşunlaryň kuwwaty boýunça düzülen sanawda, Türkmenistan 80-nji orunda


Türkmen esgerleri

Ýurtlaryň goşun we goranyş kuwwaty boýunça deňeşdirmeli sanawyny çap edýän Global Fire Power merkeziniň “Military Strength Ranking 2018” atly soňky hasabatynda, Türkmenistan ýurduň goşunynyň kuwwaty boýunça dünýäde 139 döwletiň arasynda, 80-nji orunda ýerleşdirilýär.

Resmi sanlaryň elýetersiz bolan ýagdaýynda, ortaça çaklamalary alandygyny aýdýan merkeziň analitikleriniň mälim etmegine görä, Türkmenistanyň işjeň goşunynyň harby düzüminiň sany 30 müň, jemi harby uçarlarynyň sany 72, ýurduň 24 sany söweşiji uçary, 44 sany hüjümde ulanylýan harby uçary, 10 sany hüjüme ukyply dikuçary bar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň 712 sany söweş tanky, 1941 sany galkanly söweş tehnikasy, 269 sany süýrelýän harby tehnikasy we 110 sany raketa proýektory bar.

Şol bir wagtyň özünde, analitikleriň aýtmagyna görä, ýurduň harby deňiz goşunlarynyň garamagynda 4 sany harby deňiz tehnikasy, deňiz gözegçilik gullugynda, ýagny deňiz patrulynyň ulanýan 6 sany harby gaýygy bar.

Galyberse-de, “Global Fire Poweriň” düzen sanawynda, Türkmenistanda logistika barada maglumat berlip, ýurtda hyzmata ukyply 26 sany aeroportyň, 2950 kilometrlik demirýolunyň bardygy aýdylýar.

Neşiriň maglumatlarynda Türkmenistanyň Armiýasynyň býudjeti 200 million dollara barabar diýilýär.

Ýurduň garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlap paýtagt Aşgabatda geçirilýän harby paradlarda türkmen armiýasynyň eýeçiligindäki harby tehnikalar görkezilýär.

Mundan ozal metbugatda peýda bolan maglumatlarda, Türkmenistanda geçirilýän soňky harby dabaraly ýörişlerde segilenýän harby tehnikalaryň hatarynda, Hytaýda öndürililen ýaraglaryň bardygy aýdyldy.

Türkmenistanda ýurduň prezidentiniň harby lybas geýnip gatnaşmagynda geçirilýän harby tälim türgenleşikler soňky iki ýylda öňkülerden has-da ýygylaşyp, prezidentiň ok atan, sowuk ýaragy nyşana oklan wideolary halkara media we metbugat serişdelerinde agzalyp geçildi.

Berdimuhamedow harby ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00

2017-nji ýylyň 1-nji awgustynda geçirilen “Türgen-2017” atly harby tälim türgenleşige-de prezidentiň özi gatnaşyp, onuň dowamynda käbir “ukyplaryny” sergiledi.

Beýleki bir tarapdan, ýerli çeşmeler we ene-atalar Türkmenistanda dörän ykdysady kynçylyklaryň esgerleriň durmuşyna hem öz täsirini ýetirendigini, harby bölümlerde azyk ýetmezçiliginiň barha ýiti duýlup başlandygyny aýdýarlar.

Lebaply we maryly ene-atalaryň käbiri esger ogullarynyň wagtynda harby gullukdan boşadylmaýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna ýüz tutýarlar.

,,Aşgabatdaky harby bölüme oglumyzy almaga barsak, oglumyz ýok ekeni. ...tanaýan esgerleriň biri oglumyzyň Bäherden tarapda biriniň hojalygynda işläp ýörendigini aýtdy. Esgerleri Aşgabadyň töweregindäki etraplara hojalyklara işlemäge iberen ekenler. Onuň harby ýolbaşçylary bilen gürleşsek, bizden para soradylar” diýip, esgerleriň hossarlary Azatlygyň habarçysyna aýtdylar.

Sözümiziň başyndaky, ýurtlaryň harby kuwwaty boýunça düzülen soňky sanawda 139 ýurduň hatarynda, goňşy Özbegistan 39-njy ýerde, Gazagystan 50-nji ýerde, Gyrgyzystan 91-nji orunda we Täjigistan 96-njy orunda ýerleşdirilýär.

Dünýä ýurtlarynyň harby goşunlarynyň kuwwaty boýunça düzülýän halkara sanawda Türkmenistan geçen ýyl 86-njy orny eýeläpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG